Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG «gara sanawa» alnan guramalar babatda rezolýusiýa kabul etdi


Düýn Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi terror toparlary bilen baglanyşyklydyr diýlip nädogry sanksiýa girizilen firmalara we şahsyýetlere ýardam bermekligi göz öňünde tutýan ýörite rezolýusiýa kabul etdi.

Şu rezolýusiýanyň esasynda indi Al-Kaýda we Talyp toparlary ýaly terror toparlary bilen baglanyşyklydyr diýlip sanksiýa girizilen firmalaryň we şahsyýetleryň hakykatdanam bu toparlar bilen baglanyşyklydygyny ýa däldigini anyklamak boýunça düýpli barlaglar geçiriler.

Häzirki wagt şular ýaly güman boýunça «gara sanawa» alnan guramalaryň we şahsyýetleriň jemi sany 500 töweregi. «Gara sanawa» girizilen firmalardan we şahsyýetlerden köpüsi özlerine bildirilýän aýyplamalary ret edýärler.
XS
SM
MD
LG