Sepleriň elýeterliligi

Platon Lebedewiň tussag edilmegi gaýtadan gözden geçiriler


Düýn Orsýetiň Ýokary Sudy Mihail Hodorkowskiniň biznes partnery, 2003-nji ýyldan bäri tussaglykda oturan Platon Lebedewiň tussag edilmegi bilen baglanyşykly ýagdaýlaryň gaýtadan gözden geçirilmelidigi barada karar çykardy.

Ýokary Sud özüniň bu kararynyň iki ýyl mundan ozal ynsan hukuklary boýunça Ýewropa Sudunyň çykaran kararyna laýyklykda kabul edilendigini mälim etdi. Iki ýyl mundan ozal Strasburgdaky Ýewropa Sudy Platon Lebedewiň tussag ediliş we onuň wagtlaýyn izolýatorda saklanyş ýagdaýlarynda hukuk bozmalara ýol berlendigi barada karar çykarypdy.

Eger indiki geçiriljek barlaglaryň netijesinde Orsýetiň sudy Lebedewiň hukuklarynyň bozulandygynyň üstüni açsa, onda onuň işi boýunça täze sud diňlenişiginiň başlamagy hem mümkin diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG