Sepleriň elýeterliligi

Ýewropa Parlamenti Azerbaýjan boýunça rezolýusiýa kabul etdi


Düýn Ýewropa Parlamenti Azerbaýjandaky media azatlygynyň ýaramazlaşmagyna alada bildirip, ýörite rezolýusiýa kabul etdi.

Bu baradaky ses berişlik düýn Azerbaýjandaky söz azatlygynyň ýagdaýyna bagyşlanylan Parlament maslahatynyň yzy bilen geçirildi.

Bu rezolýusiýada oppozision garaýyşly žurnalistleriň tussag edilmekleri ýazgarylýar hem-de olaryň haýdan-haý azatlyga goýberilmekleri talap edilýär.

Mundan daşary, düýnki kabul edilen rezolýusiýada birnäçe halkara radiolarynyň, şol sanda, Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň we BBC radiosynyň hem FM tolkunlaryny ulanmak baradaky lisenziýalarynyň gaýtadan dikeldilmelidigi nygtalypdyr.
XS
SM
MD
LG