Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çauşesku özüne Stalin diýilmegine begener eken


Nikolaý Çauşesku köpçüligiň öňündäki özüniň iň soňky çykyşyny edýär, 21-nji dekabr, 1989-njy ýyl.
Nikolaý Çauşesku köpçüligiň öňündäki özüniň iň soňky çykyşyny edýär, 21-nji dekabr, 1989-njy ýyl.

20 ýyl mundan ozal Rumyniýanyň Timisuara şäherinde kommunistik režime garşy bolan gozgalaň, soňra tutaşyp diktator Nikolaý Çauşeskunyň režiminiň dargamagyna getirdi. Şol döwür "Newsweek" žurnalynyň Gündogar Ýewropa we Balkan ýurtlary boýunça bölüminiň redaktory bolup işlän amerikan žurnalisti Maýkl Meýer şol wakalaryň öňüsyrasynda Rumyniýa baryp, Çauşewsku bilen söhbetdeşligi geçiren soňky amerikan žurnalisti boldy.

“Dünýani özgerden şol ýyl” atly Gündogar Ýewropada kommunistik režimiň dargamagy baradaky kitabyň awtory Maýkl Meýer bilen Azatlyk Ýewropa we Azatlyk Radiosy söhbetdeşlik geçirdi.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Siz 1989-njy ýylyň awgustynda Nikolaý Çauşesku bilen geçiren söhbetdeşligiňize taýýarlyk görmek üçin ençeme gezek Rumyniýa sapar etdiňiz. Şol mahallar Gündogar Ýewropanyň beýleki ýurtlarynda uly özgerişler ýol alyp barýardy. Ýöne Rumyniýada beýle däldi. Meniň ýadymda, 1989-njy ýylyň tomsunda dükanlarda ýa restoranlarda birje çüýşe-de sowuk suw tapylmaýardy. Şonda siz ýurtda adamlaryň gahar-gazabynyň barha artýandylyna şaýat bolduňyzmy?

Michael Meýer
Michael Meýer:
Nämeleriň bolýandygy barada käbir zatlar bilinýärdi. Adamlar hökümetden gaty närazydy. Men bir ruhana sataşdym. Ol maňa dükanlaryň boşdugyny, adamlaryň açlyk çekýändigini, özüniň çörek satyn almak üçin hepdede bir gezek iki ýarym sagatlyk ýol söküp, Buhareste gidýändigini aýtdy. “Meniň şu aýdýanlarymyň hemmesini gazetiňde çap et. Bu aýylganç režimiň öz halkyny gyrýandylygyny, öldürýänligini olara aýt. Meniň adymy hem ulan” diýdi. Men onuň jany howp astyna düşmeginden gorkup, bu işi etmedim.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Çauşeskunyň siziň soraglaryňyza beren jogaplary biziň belent mertebeli ýolbaşçymyz halkyň çekýän kynçylygyndan bihabar diýip ýaýradylan ”myş-myşlaryň” nädogrudyny görkezýär. Ol şonda sizde Rumyniýanyň kontrollygyny elinde berk saklap otyr diýen täsir galdyrdymy?

Michael Meýer:
Biz ondan: “Öz garşyňyza biriniň çykmagy mümkin diýip pikir edýärmisiňiz, Hytaýda Tiananmen meýdanynda bolan gozgalaň barada näme diýýärsiňiz?” diýip soradyk. Ol şonda: “Hytaý häkimiýetleri edil edilmelisini etdiler. Studentleriň işi okamak, hökümetiň işi hem tertip-düzgüni gorap saklamak” diýip, jogap berdi. Soň oňa: “Size Ýewropanyň iň soňky stalinçisi diýilmegi sizi biynjalyk edýärmi?” diýen soragy berdik. Onda ol: “Staliniň öz ýurduna eden hyzmatlaryny men hem öz ýurduma edip bilsedim, onda taryhda özüme döwrebap Stalin diýilmegine begenerdim” diýdi. Onsoň şahsyýet kulty barada gürleşdik. Ol: “Şahsyýet kulty näme? Men öz halkymyň ogly. Meniň edýänlerimiň hemmesi halkyma ýagşylyk üçin. Bu şahsyýet kulty bolsa, onda dünýä köpräk şahsyýet kulty gerek” diýip, jogap berdi.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Indi bulardan ýigrimi ýyl soň, 1989-njy ýylda ýüz beren wakalar öz akymyna dörän rewolýusiýamydy ýa-da köp adamyň nähak ölümine sebäp bolan döwlet agdarylyşygymydy diýen çekişme barýar. Siz bu barada nähili oýlanýarsyňyz?


Michael Meyer: Meniň özümde galan täsirleri jemläp, sepleşdirmegime köp wagt gerek boldy. Iň soňunda hem bu ýerde bir artykmaç zat ýok diýen netijä geldim. Bu halk rewolýusiýasy görnüşinde başlandy. Iň bärkisi Timişoarada şeýledi. Ýöne ol Buhareste gelensoň, başga zada öwrüldi. Bular halk gozgalaňynyň ýolbaşçylary däldiler. Bular köne gwardiýadandy. Çauşeskunyň öz adamlary onuň öz garşysyna galypdy. Bu bir rewolýusiýa duwlanan döwlet agdarlyşygydy. Rumyn rewolýusiýasy-da, edil Ýugoslawiýanyňky ýaly, häkimiýet başyndakylaryň öz maksatlary üçin wakalary kesä sowmagydy.

Rumyniýanyň "1989 Rewolýusiýasy"
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:07 0:00
XS
SM
MD
LG