Sepleriň elýeterliligi

Moskwadaky türkmen ilçihanasy metbugata ýüzlendi


Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynda geçen metbugat konferensiýasy, 18-nji dekabr, 2009-njy ýyl.

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynda geçen metbugat konferensiýasy, 18-nji dekabr, 2009-njy ýyl.

18-nji dekabrda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynda Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisine bagyşlanyp habar beriş serişdeleri üçin metbugat konferensiýasy gecirildi. Bu barada ýarym-resmi Türkmenistan.ru internet gazeti habar berýär.

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Halnazar Agahanow žurnalistleriň öňünde çykyş edip, täze ýola goýlan gaz geçirijiniň regiona ýetirjek pozitiw täsirleri barada belläp geçdi hem-de munuň Aziýanyň energiýa howpsuzlygy üçin möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi.

Ilçi Agahanowýn bellemegine görä, Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň işläp başlamagy, uglewodorod serişdeleriniň eksport ýollarynyň diwersifikasiýasy babatda Türkmenistanyň alyp barýan syýasatynyň logiki netijesi boldy.

Ýakyn günlerde ýola goýuljak Türkmenistan - Eýran gaz geçirijisi hem şol syýasatyň ýene bir oňyn netijesi bolar diýip, Türkmenistan.ru internet gazeti ýazýar. Eýrana barýan gaz geçirijileriň göwrümi geljekde jemi 20 milliard kub metre çykarylar diýlip garaşylýar.

Bu proýektleriň durmuşa geçirilmegi, öz ugruny Hazaryň ýakasy bilen alyp gitjek Türkmenistan – Gazagystan – Orsýet gaz geçirijisiniň ünsden düşürilendigini aňlatmaýar diýlip, duşuşygyň barşynda nygtaldy.

Şu hepdäniň duşenbe güni işe girizilen Türkmenistan-Hytaý tebigy gaz turbaprowody babatda dünýä boýunça dürli reaksiyalar bolupdy. Ony türkmen mediasy “Asyryň möhüm wakasy” diýip atlandyrsa, ors metbugaty şol turbaprowodyň amala aşyrylmagy Orsýetiň daşary syýasatynyň şowsuzlygy diýip baha beripdi.

Metbugat konferensiýasynda, türkmen gazyny Ýewropa akdyrjak Nabukko proýektiniň ýa-da TAPI (Türkmenistan – Owganystan – Päkistan – Hindistan) proýektiniň agzalyp agzalmandygy barada maglumat berilmedi.

Türkmenistanyň tebigy gaz rezerwleri


Ýakyn wagtlarda Türkmenistanyň energiýa rezerwleriniň mukdary babatda halkara şübheler ýokarlanypdy. Ilçi Agahanow Günora Ýolöteniň Osman gaz ýataklaryna audit barlaglaryny geçiren britan-amerikan “Gaffney, Cline & Associates” kompaniýasynyň geçiren barlag işlerine ünsi çekip, degişli ýerde 14 trillion kub metr tebigy gazyň bardygy babatda gelnen netijäniň ýurduň eksport mümkinçiliklerine kepil geçýändigini aýtdy.

Şu ýylyň oktýabr aýynda, Orsýetiň «Wremýa nowosteý» gazeti audit boýunça “Gaffney, Cline & Associates” kompaniýasynyň geçen ýylyň güýzünde Türkmenistanyň Ýolöten-Osman gaz ýatagyndaky gazyň gory barada ýaýradan sanlarynyň hakykysyndan has çişirilen sanlardygy barada ýazypdy.

Şonuň yzy bilen, “Gaffney Cline & Associates” kompaniýasy öz metbugat beýanatyny ýaýratdy. Şol metbugat beýanatynda bu kompaniýa özleriniň Ýolötende audit barlagyny geçirendigini tassyklady.

“Gaffney Cline & Associates” kompaniýasy Türkmenistanda geçiren barlaglarynda Türkmenistanyň «Türkmengeologiýa» döwlet konserniniň beren dokumentlerinden peýdalanandygyny, emma Türkmenistanyň gaz rezerwleri baradaky özüniň ýaýradan sanlarynyň türkmen tarapynyň ýa-da beýleki halkara spesialistleriniň çaklamalaryna boýun egýän sanlar bolman, eýse hut şu kompaniýanyň öz geçiren barlaglarynyň netijeleridigini nygtapdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG