Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Dünýäde mobil ýa-da ýan telefonlarynyň dürli görnüşleriniň yzygiderli çykarylyp durulmagy biziň uzak ýolumyzy ýakyn etdi. Indi adamlaryň biri-biri bilen habarlaşmagy aňsatlaşdy.

Şeýle tehniki ösüşiň täsiri Türkmenistana-da ýetdi. Ildeşlerimiz sözüň doly manysynda ýan telefonyň hözirini görýärler. Indi başlangyç mekdep okuwçysyna çenli ýan telefonly boldy.

Ýan telefonlarynyň ýaňy ýaýran uçurlarynda, Türkmenistanyň merhum prezidenti Saparmyrat Nyýazow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçiripdi. Şonda mejlisde oturanlaryň biriniň ýan telefony jyrlapdy. Şol pursatda Saparmyrat Nyýazowyň zähresi ýarylypdy. Ol gözlerini elek-çelek edip: «Bi nämäň sesi! KNB nämä seredýä!» diýip, duýdansyz gygyryp goýberipdi.

Gepiň küle ýeri mejlise ýan telefonly giren ol görgüli temmisini alypdy. Dagy-duwara Ministrler Kabinetiniň mejlisinde onuň garasy görünmedi.

Munuň özi özüňi alyp barmagyň ýönekeý bir görnüşi. Ýokary derejedäki mejlise ýan telefonyňy öçürip barmazlyk edepsizlikden bir nyşan.

Gündelik durmuşda-da gabat gelýär

Gynansak-da, şunuň ýaly edepsizlige gündelik durmuşymyzda häli-şindi gabat gelip durus. Elbetde, hökümet derejesindäki ýygnanyşyklara ýan telefonly barmak gadagan. Ýöne kiçiräk maslahatlarda, edaradyr kärhanalaryň önümçilik ýygnanyşyklarynda şeýle gelşiksiz ýagdaýlara häli-şindi gabat gelip durus.

Önümçilik maslahatynda wajyp meseläniň gürrüňi edilip durka, birden, bulutsyz asmanda ýyldyrym çakan dek, kimdir biriniň ýan telefony jyrlaýar. Şonda oturanlaryň barysynyň topy atylan ýaly bolýar.

Jemgyýetçilik ýerlerinde, köpüň üýşen ýerinde ýan telefonynda gaty gürleşmegem gelşiksiz. Ýöne gynansagam, şeýle gelşiksiz hadysalara kän gabat gelinýär.

Jemgyýetçilik transportynda ýan telefon bilen gürleşýänleriň-ä aňyrsy-bärisi ýok. Ýaşuly-da gepleşip dur, ýaşkiçi-de gepleşip dur. Awtobusdyr trolleýbusyň içi aluw-satuw edilýän bazara dönýär. Türkmeniň gygyryp gepleme häsiýetem bolansoň, çar tarapdan şeýle bir gohlar turýar welin, tarypyny aýdyp gutarar ýaly däl.

Jemgyýetçilik transportynda ýaş-ýeleňleriň ýan telefonlarynda aýdym-saz goýbermegi, her hili wäşi degişmeleri diňlemekleri öňki gohlaryň üstüne has-da goh goşýar. Gyk-da-baklyk, misli, trolleýbusdyr awtobuslaryň ählisi Bremen sazandalaryny alyp barýan ýaly. Her duralgada ýan telefonly düşen halaty: «Sag-aman ýene biri düşdim-aý!» diýşip, şükür edýänlerem kän. Nä döwür, nä zamana boldy. Ýaşuly-ýaşkiçiden sylanýan ýok. «Aýdymy öýüňizde aýtdyraýyň» diýip ýalbarýanlaryň ýüzlerini alyp goýberýärler.

Ýan telefon gowy zat. «Türkmeniň altyn asyry» hasaplanýan ýigrimi birinji asyry şolarsyz göz öňüne getirmegem kyn. Ýöne hözirli zady ýerlikli ulanmaly. Bu meselede edepliligi saklamaly. Ýogsa, ýan telefony kimin gowy zada-da seňrigiňi ýygranyňy duýman galýarsyň.

Blogda öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG