Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Döwlete degişli däl guramalar ýyllyk hasabatyny jemledi


Soňky ýyllarda adata öwrülşi ýaly, bu ýylyň hem soňky aýynda Türkmenistanda herekete başlan döwlete degişli däl guramalaryň bilelikde geçiren ýyllyk hasabatynda, Türkmenistanda syýasy-ykdysady erkinligiň ýagdaýyna, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň yglan eden reformasynyň umumy görkezijisiniň jemlerine seredildi. Hemme ýurtlarda bolşy ýaly, bu hasabaty Türkmenistanda hem Döwlete degişli däl guramalar geçirdi.

Häzirki güne çenli Türkmenistanda resmi taýdan hereket edýän döwlete degişli däl guramalaryň (DDG) 80-den gowragy bar. Olaryň köpüsiniň soňky iki ýylyň içinde resmileşdirmäge döwlet tarapyndan rugsat berilmeginiň sebäbi Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna gelmegi we ýurduň Halkara guramalar bilen aragatnaşygynyň giňeldilmegi bilen düşündirilýär. Türkmenistanda häzir onlarça guramalaryň resmileşdirilmegine garaşylýar.

Ýyllyk hasabat ABŞ-nyň MSI (Halkara Dolandyryş Sistemasy) bilen USAID halkara guramalarynyň hemaýat bermekleri bilen geçirildi. Bu guramalar Türkmenistan boýunça hasabatyny ýakyn wagtda öz internet websaýtlarynda hem ýerleşdirerler.

Bu ýylky jemleýji hasabat ýygnanyşygy döwlete degişli däl «Bosfor» ýuridiki hyzmat beriji guramasynyň iş merkezinde geçirildi.

Hasabat ýedi (7) sany iri görkezijiler boýunça kesgitlenildi. Olar şu aşakdaky tertipde getirildi:

I. Gurşap alan hukuk ýollary

- Resmileşdirmek. Döwlete degişli däl guramalary resmileşdirmek üçin kanun barmy? Iş ýüzünde guramalary resmileşdirmek we onda işlemek ýeňilmi?

- Kanunda. (döwlete degişli däl guramalar hakynda) Döwlete degişli däl guramalaryň işleri jikme-jik görkezilenmi? Guramalar syýasy meseleler boýunça döwlet tarapyndan dargadylmakdan we ýatyrylmakdan goralanmy?

- Administratiw päsgelçilikler we döwlet tarapyndan ýanamak. Guramalar öz işlerinde döwlet edaralary salgyt gulluklary tarapyndan ýanalýarmy? Olara işlemäge päsgelçilikler berilýärmi?

- Ýerlerde hukuk ukyplylygy. Ýerlerde Döwlete degişli däl guramalar hakynda kanunlary bilýän hukukçylar barmy?

- Salgyt almak. Döwlete degişli däl guramalar salgytdan boşadylanmy? Guramalara hemaýat berýän şahsy we iri korparatiw kärhanalara salgyt ýeňillikleri barmy? DDG alýan pul grantlaryndan salgyt tölemelimi?

- Gazanylan girdeji. Edilýän hyzmatlardan ýa-da önümden Döwlete degişli däl guramalara girdeji almaga ygtyýar berýän kanun barmy?

II. Guramaçylyk mümkinçiligi

- Pikirdeşleri ýygnamak. Döwlete degişli däl guramalar öňde goýan maksatlaryna bilelikde gatnaşmak üçin ýerli toparlary döretmäge aktiw gatnaşýarmy? Bu işde olar üstünlikler gazanýarmy?

- Strategik planlaşdyryş. Döwlete degişli däl guramalarda dogry anyklaşdyrylan maksatlar barmy we olar şoňa gönükdirilenmi? Guramalar öz işlerinde strategik planlaşdyryş metodlaryny kabul edýärlermi?

- Içerki dolandyryş strukturasy. Döwlete degişli däl guramalaryň içerki strukturalarynda işgärleriň we ýolbaşçylaryň arasynda jogapkärçilik işleriniň bölünişigi aýdyň görkezilenmi? Guramanyň ýolbaşçylary emläkleri ulanmakda işgärlere açyk-aýdyň hasabat berýärmi?

- DDG-niň işgäri. DDG-de hemişe tölegli durýan işgärleri barmy?

- Tehniki ösüşi. DDG-ä zamana gabat gelýän gurallar bilen ofislerinde işlemäge mümkinçilikler bolýarmy (kompýuter we onuň programmalary, telefon fakslar we internedi ulanmak mümkinçiligi)?

III. Maliýe taýdan durmuşa ukyplylygy

- Ýerli kömek. DDG işlerini maliýeleşdirmek üçin puluň belli bir bölegini ýerli çeşmelerden ýygnap bilýärmi? Meýletin toparlardan durýanlaryň kömegi bilen pul görnüşinde bolmadyk zatlara gymmatlyklary alyp bilýärmi? Ýerli çeşmelerden haýyr-sogp kömegi barmy?

- Diwersifikasiýa – köptaraplaýyn. DDG-ni maliýeleşdirmek çeşmeleri barmy? DDG-niň özüni saklamaga az wagtlygam bolsa ukyby barmy?

- Maliýe dolandyryş sistemasy. Ýerlerde maliýe sistemasyny dolandyrmakda ýagdaýlar barmy? DDG maliýe işlerini açyk görkezýärmi? Olary garaşsyz audit gulluklary barlaýarmy we barlagyň netijeleri ýyllyk hasabatda çap edilýärmi?

- Serişdeleri ýygnamak. DDG sosial ugurda işleýän programmalara gatnaşýarmy? Olarda agza bolup durýarmy?

- Gazanylan girdeji. Hyzmatlardan düşen girdeji DDG-ä ýeterlik bolýarmy? Döwlet edaralary ýa-da beýleki şahsy kompaniýalar DDG-ä görkezýän hyzmatlary üçin şertnamalar baglaşýarlarmy? Guramalarda agzalyk tölegleri ýygnalýarmy?

IV. Propaganda

- Ýerli we Merkezi döwlet organlary bilen hyzmatdaşlyk. Döwlet syýasatçylary bilen DDG-niň arasynda gatnaşyk barmy? DDG bilen döwlet guramalary käbir proýekleriň üstünde bile işleýärlermi?

- Köpçilikleýin syýasy teklipler. DDG belli bir maksatlara ýetmek üçin giňişleýin propagandistik kampaniýalary gurnadylarmy? Ýerli ýa-da döwlet derejesinde şol propagandistik kampaniýalary geçirildimi?

- Syýasy ýollaryň açylmagyna täsir etmek. DDG-leriň syýasy proseslere gatnaşmagy üçin mehanizmleri barmy? Syýasy ýollaryň açylmagyna tasir etmek prinsiplerine DDG-ler düşünýärlermi? Täsir etmek ýollary ýerli ýa-da döwlet derejesinde bolup geçdimi? Kanunlaryň kabul edilmeginde täsirler boldumy?

V. Hyzmatlary hödürlemek.

- Önümiň görnüşleri we hyzmat. DDG sosial hyzmatlary ýerine ýetirýärmi? (saglygy saklaýyşda, bilimde dürli hyzmatlar).

- Müşderiler we topar müşderileri. DDG-e neşir etmek, seminar we analiz geçirmek hyzmatlary beýleki guramalara, dini edaralara ýa-da döwlete hödürleýärmi?

- Çykdajylary ödemek. Edilýän hyzmatlarda çykýan çykdajylaryň öwezini dolmak üçin olardan tölegler alynýarmy? DDG-de bazaryň islegi hakynda düşünje barmy? Müşderileriň olaryň önümi we hyzmaty üçin tölemäge ýagdaýlary barmy?

- Döwlet goldawy. Döwlet tarapyndan goldaw barmy? DDG-niň sosial taýdan edýän hyzmatlaryna döwlet nähili seredýär? Döwlet olara grant berýärmi?

VI. Infrastruktura

- Goldaw beriji araçyl guramalar we DDG-niň resurs merkezi. Informasiýa we tehnologiýa almak üçin hem-de ýurduň ähli ýerinde kadrlary taýýarlamak hem-de olara tehniki kömegini bermäge goldaw beriji araçyl guramalaryň we DDG-niň resurs merkezleri hem-de beýleki mehanizmler barmy?

- Grant beriji ýerli guramalar. Belli bir meseleleri çözmek üçin ýerli guramalar, goldaw beriji araçyl guramalar ýerli serişdelerden ýa-da halkara serişdelerden alyp, grantlar berýärmi?

- DDG-niň birleşigi. DDG-ler bir-biri bilen maglumat alyş-çalyşyny geçirýärmi? Informasiýa almakda ýeňilleşdirilen ýollar barmy?

- Bilim. Döwlete degişli däl guramalary dolandyrmakda ýörite öwrediji hünärmentler barmy? Paýtagtda we beýleki şäherlerde DDG-niň ilkinji iş ýollaryny öwredýän okuw merkezi barmy? Ýöriteleşdirilen hünärler boýunça (strategik dolandyrmak, buhgalter hasabaty, maliýe dolandyryşy, serişde ýygnamak, meýletinleri dolandyrmak) okadylýan merkezler barmy? Okadylýan okuw materiallary ýerli dillerde tapylýarmy?

VII. Jemgyýetçilikdäki roly

- Habar beriş serişdeleri bilen gatnaşygy. Döwlet we ýerli metbugatda DDG-niň işleri pozitiw suratlandyrylýarmy? Habar beriş serişdeleri DDG-ä çykyş etmäge mümkinçilik berýärmi?

- DDG-e barada jemgyýetçiligiň pikiri. Jemgyýetçilik DDG-ni pozitiw kabul edýärmi? Olar DDG-niň esasy maksatlaryna düşünýärlermi? Jemgyýetçilik DDG-ni goldaýarmy?

- DDG-ni döwletiň we biznesiň kabul edişi. Döwlet edaralary, biznes pudagynda işleýänler DDG-ni gowy kabul edýärlermi? Olar DDG-den hakyky maglumatlary, habarlary alýarlarmy?

- Jemgyýetçilik bilen baglanyşyk. DDG-e öz alyp barýan işlerini jemgyýetçilige aýan edýärmi hem-de abraýny artdyrmak isleýärmi? DDG-ler žurnalistler bilen aragatnaşyk saklaýarlarmy?

- Öz-özüňi sazlamak. DDG-ler еtikanyň düzgünini kabul etdilermi ýa-da olar öz hasabatlaryny her ýyl açyk berýärlermi, ony metbugatda çap edýärlermi?

Ortaça san çykaryldy

Geçirilen hasabatda ýedi (7) ugur boýunça jemlenen sanlaryň netijeleri Türkmenistanda Döwlete degişli däl guramalaryň, raýatlar jemgyýetiniň, umumy syýasy we ykdysady erkinliginiň ýurtdaky asyl ýagdaýyny suratlandyrýar.

Bu maglumatlar halkara guramalaryň hemmesine diýen ýaly ugradylýar. Şu hasabatyň jemi boýunça ABŞ-daky Freedom House (Azatlyk öýi) guramasy hem Türkmenistan boýunça öz ýyllyk hasabatyny berýär.

Hasabatda 1-den 7-ä çenli san berilýär. 1 san pozitiw, ýagny oňat, 7 san negatiw, ýagny ýaramaz diýip aýdylýar. Döwlete degişli däl guramalaryň wekilleriniň beren bahalarynyň jemi goşulup, onuň ortaça sany çykarylýar.

Geçen 2008-nji ýylda geçirilen hasabat boýunça ähli ýokardaky görkezijiler Türkmenistan boýunça 6.4 sana deň boldy. Bu diýildigi, görkezijiler öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň döwründäkiden azda-kände üýtgän hem bolsa, ýaramaza ýakyn diýlip hasap edildigidi.

Şu ýylky hasabatyň netijesi 5.3 sana deň bolup, geçen ýyldakydan 1 sandan gowrak üýtgäpdir. Bu hem, bilermenleriň aýtmagyna görä, položitel görkezijidir.

Duşuşyga gatnaşan ýerli bilermeniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, ýurtda garaşylýan uly syýasy we ykdysady üýtgeşmeler bolarmy we haçan diýen sowala berlen hasabatyň netijeleri degişli düşündirişi berýär.

“Eger-de ösüşiň geçen we şu ýylky ýaly bady dowam etse, onda Türkmenistan döwletiniň syýasy we ykdysady durumyndaky erkinligi, özgerişleri, garaşylýan pozitiw netijeleri ýene-de bäş ýyldan görse bolar. Bu hem diňe jemgyýetçiligiň intellektiniň ösmegi bilen amala aşyp biler” diýip, Aşgabatda hereket edýän Döwlete degişli däl guramanyň wekili Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Ýerli habarçylaryň beren maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.
XS
SM
MD
LG