Sepleriň elýeterliligi

Eýran goşunlary nebit guýusyndan bölekleýin çekilýär


Yrak eýran goşunlarynyň Tähran hem Bagdat tarapyndan dawa edilýän nebit guýusyndan diňe bölekleýin çekilendigini aýdýar.

Yragyň hökümet sözçüsi Aly al-Dabbag eýran goşunlarynyň geçen hepde eýelän guýularyndan 50 metr yza çekilip, Eýranyň baýdagyny aşak ýatyrandyklaryny aýtdy.

Yrak hökümeti eýran goşunlarynyň bu ýerden doly çekilmegini talap edipdi.
XS
SM
MD
LG