Sepleriň elýeterliligi

Kerzeý öz täze hökümetini goraýar


Owganystanyň prezidenti Hamit Kerzeý şu gün öz täze hökümeti üçin seçen adamlaryny gorap çykyş etdi.

Ol täze hökümetiň agzalarynyň hemmesiniň korrupsiýa garşy göreşde jogapkär boljagyny aýtdy.

Kerzeý hökümet agzalygyna seçilen 25 kandidatyň tas ýarsynyň täzedigini we olaryň owgan halkyna hyzmat edip biljek adamlardygyny nygtady.

Biraz öň NATO-nyň baş sekretary Anders Fog Rasmussen Kerzeýiň hökümet agzalaryny bellemegini gutlap, beýanat ýaýratdy.
XS
SM
MD
LG