Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň dissident ruhanysy aradan çykdy


Eýranyň dissident ruhanysy Aýatolla Hosseýin Aly Montazeri 87 ýaşynda aradan çykdy.

Resmi IRNA habarlar gullugy onuň Kum şäherindäki öýünde, öten agşam ýogalandygyny habar berdi.

Montazeri 1979-njy ýyldaky yslam rewolýusiýasynyň arhitektorydy. Ol soňky ýyllarda ýurduň dolandyryjy yslam gurluşyny yslamyň adyndan diktatura gurmakda aýyplapdy.

Montazari awgustda häkimiýetleriň iýundaky dawaly prezident saýlawyndan soňky köçe gozgalaňlaryna çemeleşişi režimiň synmagyna getirip biler diýdi.

Ol duşenbe güni jaýlanar.
XS
SM
MD
LG