Sepleriň elýeterliligi

«Altyn asyryň» on sekundy täze ýyldan nola barar


«Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň abonentleriniň 2010-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan «on sekunda çenli mugt» hyzmatyndan mahrum edilmek ähtimallygy bar.

Türkmenistanda iki sany öýjükli aragatnaşyk ulgamy bolup, olaryň biri Türkmenistana degişli bolan «Altyn asyr», beýlekisi bolsa Orsýediň MTS mobil kompaniýasydyr. Bu iki mobil kompaniýalarynyň hyzmaty bolsa dürli-dürlüdir.

«Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň hyzmaty bir minut üçin 700 manat. Üstesine-de, onuň ilkinji minutynyň on sekundy mugtdur. MTS-de bolsa dürli-dürli hyzmatlar bolup, olaryň bahasynyň iň ýokarysy bir minut üçin 1500 manatdyr. Şeýle hem MTS-de RED START, PROFI-15, PROFI-30, DOSTLUK, OTLIÇNYÝ, INTERNET we başga-da birnäçe tarifler bar.

Telefonda juda köp gürleşýänler MTS-iň LIMITSIZ tarifinden peýdalanýarlar. Bu tarif üçin bir aýda 2 million manat (täze pulda 400 manat) geçirip, mobil telefonda çäklendirilmedik ýagdaýda gürleşmek bolýar.

MTS-iň RED LETO PLÝUS tarifiniň bolsa ähli giriş jaňlary mugtdur. Bu tarif üçin bir aýda 50 müň manat abonent tölegini tölemeli. Çykyş jaňlarynyň nyrhy bolsa 1 minutyna 1500 manat.

Ine, şu tarif hem belli bir derejede «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň «on sekunda çenli mugt» hyzmatyny ýatyrmak pikirine alyp geldi.

“Mekir hile”

Telefonda köp gepleşmegi halaýan ýaşlaryň ençemesi mekir hiläni ulanýarlar. Olar ýanlarynda birbada iki mobil telefonyny göterýärler. Telefonlaryň birinde MTS-iň simkarty, beýlekisinde bolsa «Altyn asyryňky». Özlerindäki «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşygynyň belgisine gelýän ähli jaňlary olar MTS-däki RED LETO PLÝUS tarifli nomerine pereadresasiýa edýärler.

Netijede olar giriş jaňlary üçin näçe sagat gürleşseler-de, bir köpük hem tölemeýärler. Kimdir biri bilen jaňlaşjak bolanlarynda bolsa, olar «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşygynyň belgisindäki telefonyndan özüne jaň etmeklerini haýyş edip, on sekundyň içinde telefony goýup ýetişýärler.

Ýaşlaryň tapan bu hileleri «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşygynyň ýolbaşçylarynyň gowy degnasyna degene meňzeýär. Olar indi täze ýylyň 1-nji ýanwaryndan «on sekunda çenli mugt» hyzmatyny ýatyrmagyň kararyna ymykly gelipdirler.

Ýerli habarçylaryň beren maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG