Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çynyrgatsa atasy ýeňerdi...


1991-nji ýyldan öň ýurtda beýle zat ýokdy. Arakkeşler köpdi, ýöne neşekeş juda azdy. Her obada altmyşdan-ýetmişden geçen, garry tirýekkeş adamlar birlän-ikilän bolardy. Olar hem diňe tirýek bilen göknary neşe edinerdiler.

Garaşsyzlyk alnansoň, Eýrana, Owganystana arkaýyn baryp-gelmäge ýol açylanyndanmy-nämemi, neşekeşlik Türkmenistanda şeýle bir derejede ösüp, giň ýaýrap gitdi welin, indi onuň öňüni alar ýaly däl.

Ýurduň LTP-lerinde (Zähmet-düzediş edaralarynda) olary ýerleşdirmek üçin ýer ýok. Neşekeşler şeýle derejede köp. Her iki öýden birinde neşekeş bar. Neşekeşleriň köpüsi öz çekjek neşesiniň bahasyny edinmek üçin neşe söwdasyna baş goşmaly bolýar.

Şonuň üçin neşekeşleriň köpüsi neşe söwdagärleridir. Ownuk hem iri neşe söwdagärleridir. Ownuk neşe söwdagärleri öz çekjek neşesiniň puluny gazanmak üçin iri neşe söwdagärleri bilen neşekeşleriň arasynda bir gram, ýarym gramlyk neşäni gatnadyjylar bolup durýarlar.

Neşe satman, diňe çekýän neşekeşler maşgalanyň başyndan inen musallat bolup durýarlar. Olar daň atandan janyny alyp barýan agyryny köşeşdirmek üçin neşe tapmagyň aladasyny edýärler.

Olar üçin mukaddes zat ýok

Neşekeş üçin hiç hili mukaddes zat ýok. Ol pensioner ejesiniň-kakasynyň üstüne pyçakly topulyp, neşe satyn almak üçin pul dileýär. Ähli pensiýalaryny ogullarynyň neşesi üçin sarp edýän garrylar örän köp. Neşekeş çagasyna berilýän kömek puluny-da neşä sarp edýär. Öýlerindäki düşekleri, gap-gaçlary, gazan-ojaklary, gyş üçin gök önümler ýapylan-u-ýapylmadyk bankalary, pil-paltalary… ogurlap, satýar. Ejesiniň, kakasynyň, çagasynyň, aýalynyň derde ýarar ýaly egin-eşiklerine çenli ogurlap satýar. Goňşy-golamlardan, nätanyş ýerlerden-de ogurlyk edýär.

Neşekeşiň satýan «harytlary» üçin hiç wagt üýtgemeýän ýeke nyrh bar. Ol iň gymmat bahaly zatlary-da, arzan bahaly zatlary-da bir sapar çekerlik neşäniň puluna—otuz müň manada satýar. Otuz müň manat Türkmenistanda bir sapar çekerlik geroiniň bahasy.

Egin-eşigi sal-sal, horlanmadan skelete dönen neşekeşler uzakly gün köçelerde selpeşip ýörler. Göze iler ýaly zat gözleýärler Nämedir bir zatlar gözläp, zir-zibilli ýaşşikleri dörüp ýören neşekeşlere mydama duşup bolýar.

Çäre görüp bolanokmyka?

Olar şeýle bir betbagt görünýär, käteler olaryň iýmäge zat diläp ýörüşlerini ýa-da zibil dörüp ýörüşlerini göreniňde «Näme üçin bular neşe belasyna şeýdip, özlerini öwrenişdirdikäler?» diýip, gynanç bilen pikir öwürýärsiň. Sömpüldeşip, hiç bir iş etmän, öz öýüni, goňşy-golamyny talap ýörüşlerini göreniňde welin, «Hökümet näme üçin bularyň ählisini üýşüräge-de, bir jaýa dykmaýarka?» diýip, gahar bilen oýlanýarsyň.

Olaryň neşekeşlige täze başlany günde bir sapar çekýär. Kä biri (tapyp bilse) iki sapar çekýär. Ýöne neşä mazaly öwrenişen neşekeşiň günde üç sapar çekmese, oňmaýandygyny aýdyp, olaryň hossarlary nalaýarlar.

Neşä özüni aldyran neşekeşiň bir günki neşesi üçin togsan-ýüz müň manat gerek. On gün üçin bir million, bir aý üçin üç million manat gerek. Üç million manat Türkmenistanda iň ýokary aýlyk. Her neşekeşi üç million manat pul berip, kim saklap biljek? Üç, bäş, on neşekeşli maşgalalar nädip gün görmeli?! Olaryň özleri mejbury ýagdaýda neşäni satmaly bolýarlar.

Neşekeşler häzir Türkmenistanda örän kän. Olaryň barlygy ýurtda neşe söwdasynyň bolup duranlygyny görkezýär. (Eger neşe söwdasy ýok diýmek islesek, neşekeşler neşäni nireden alyp çekýärler?)

Hökümet neşekeşlere hiç hili çäre görüp bilmeýär. Birki aýlyk LTP-lere iberenleri bilen olar düzelmeýärler. Türkmenistan hökümetine olaryň düzeleni gerekmikä? Çynyny etse, hökümet neşekeşligiň hem neşekeşleriň soňuna çykyp bilerdi diýip pikir edýärsiň. Sebäbi «Oýun etse - ogly ýeňer, çynyrgatsa - atasy» diýilýär.

Çoluk Möwlamow aşgabatly synçy. Şu ýerde öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG