Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bize-de gaz çekip beräýiň!


Mikhail Zlatkovskiniň karikaturasy.
Mikhail Zlatkovskiniň karikaturasy.

Drama. Gatnaşýarlar: Ýaşuly; Hytaýly.

ÝAŞULY: Saglykmy, inim, gurgunçylykmy? Gapdalyňda çökäýsem, garşy bolmarsyň-a. Bir laý Garaşsyzlyk seýilgähini aýlanyp çykdym. Näme, inim, senem bärik gezmäge geldiňmi?

HYTAÝLY: Hawa,ýaşuly, geçiň, oturyň.

ÝAŞULY: Obaly men. Tagtabazardan. Özüm çopan. Bärik ýörite çagyrdylar. «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medal berdiler. Tüweleme, gowy şäheriňiz bar eken. Ýadygärlikleriň arasynda Göroglynyň ýadygärligini gördüm. Ýaşkak özümizi Görogludyrys öýdüpdiris. Indi hiç zat ekenligimizi bildik. Ýogsa-da, ýagşy ýigit, sen nireli? Aşgabatlymyň?

HYTAÝLY: Ýaşuly, men siziň Türkmenistanyňyzyň hiç ýerinden däl. Hytaýly men.

ÝAŞULY: Hytaýly? Sen türkmençe gepläp dursuň-a. Türkmene-de meňzemänem duraňok.

HYTAÝLY: Men siziň ýurduňyza gelmänkäm türkmen dilini mazaly okap öwrendim-dä…

ÝAŞULY: Tüweleme. Bärik näme, keýpine geldiňmi?

HYTAÝLY: Dil öwreneňsoň keýpine gelinmez-ä, ýaşuly. Gaz almaga geldik biz size. Siziň gazyňyzy.

ÝAŞULY: Şundan şoňamy? Hytaý bilen Türkmenistanyň arasy-ha gaty daşdyr. Nädip ondan oňa gaz äkitjek siz?

HYTAÝLY:
Hytaý gaty daş ýerem däl. Gazagystandan geçenje ýeriň Hytaý. Turban-a eýýäm çekdik, basym gazyňyz wazlap akar durar ol ýerik.

ÝAŞULY: Weý, siz-ä bu ýerden gaty ýakyn ekeniňiz. Biziň obamyz welin, Aşgabatdan gaty daş. Şonuň üçin biziň Tagtabazarymyzda henizem gaz ýok.

HYTAÝLY: Be. Siziň obaňyz beýle daşmy? Hytaýdanam daşmy?

ÝAŞULY: Hytaý daş diýmediň-ä sen. Aşgabat, soň Gazagystan, soň Hytaý diýdiň, şeýle dälmi?

HYTAÝLY: Hawa.

ÝAŞULY: Onda sen öz ýurduň daşlygy bilen Tagtabazary deňeşdirip gör. Ine, diňle. Näçe ýurt geçmeli Tagtabazara barýançaň! Aşgabatdan soň Änewe barýaň, soň Gäwers, Aksuw, Babadurmaz, Artyk, Kaka, Duşak, Tejen… Ah-ow, diňe Ahaldan geçýänçäň gara görgi. Soň Mary ili başlanýa. Garybata, Jojukly, Mary, Murgap, Wekilbazar, Baýramaly…

HYTAÝLY: Bu-uw! Seniň ýurduň-a gaty daş eken.

ÝAŞULY:
Daş bolansoň bize gaz eltip bilenoklar-da. Eger biziň Tagtabazarymyzam Hytaý ýaly ýakynjak bolan bolsa, gazy sizden öň bize elterdiler-ä. Aýdyp durun-a men bize gaz eltmek gara kösenç diýip. Tagtabazar ýeriň ol ujy.

HYTAÝLY: Bu-uw! Daş eken, daş eken.

ÝAŞULY: Ýagşy ýigit, senden bir haýyş bar.

HYTAÝLY: Aýdyp otur, ýaşuly.

ÝAŞULY: Bize-de siz çekip beräýiň, bolmasa gazy! Sizden soň türkmen gazyny Owganystan, Hindistan hem Päkistan aljakmyş. Zyýany ýok, biz olardanam soňa garaşaýarys. Hytaýdan aýlapjyk, Hindistanyň, Päkistanyň, Owganystanyň üstünden Tagtabazara-da getirip beräýiň siz. Türkmen gazy şeýle eşret diýip, hemmeler öwýä welin, bizem göreli-le onuň nä jüre zatdygyny.

HYTAÝLY: A siz bu haýyşyňyzy öz ýolbaşçylaryňyza aýdyp goýberiň, ýaşuly.

ÝAŞULY: Biziň ýolbaşçylarymyz daşary ýurtlylary gowy diňleýä. Biziň gepimizi diňlemeýä olar. Öň olara aýdylma kemi galmady. Maňa seniň duşanyň gowy bolaýdy, inim. Indi seni sypdyrman. Hytaýa bardygyň ýurduňyzyň ýolbaşçylaryna aýt. Tagtabazarlylar gazsyz ýaman kösenýä diý. Şolar türkmen gazyny Hytaýdan alaga-da, Hindistanyň, Päkistanyň, Owganystanyň üstünden aýlapjyk, Tagtabazara-da çekip beräýsinler diýip, haýyş etdiler diý. Ýadyňdan çykarmagyn. Aýtgyn hökman. Men arkaýyn bolaýaýynmy onda? Türkmenler ýaly, söz berip, sözüňde tapylman goýsaň-a, ikimiz oňuşmarys. Size gidip barýan gaz turbany deşip, böwrüne şlanga dakaryn-da, Hytaýa barýan gazyň baryny Tagtabazara sowaryn. Ine, onsoň sizem halkyňyzyň öňünde ýalançy bolarsyňyz! Eşitdiňmi, inim?

HYTAÝLY: Hawa, ýaşuly.

ÝAŞULY: Onda men obamyza baryp, ildeşlerimize: «Adamlar, arkaýyn boluň, Size türkmenler gaz çekip bermese-de, Hytaý ýurdy gaz çekip berjekdir» diýip, ynandyraýynmy? Hany, «Hawa» diýsene.

HYTAÝLY: Nireden öwrenipdirin türkmen dilini! Nireden sataşypdyryn saňa, ýaşuly! Bor-how, bor! Ýakamy bir goýber-ä meniň. Men häzir samolýota ýetişmeli.

ÝAŞULY:
Ana, bir adam-a «bor» diýdi. Belki, indi Tagtabazara-da türkmen gazy barar! Eý! Ýigit! Aldaýmagyn-how! Garaşýandyrys! Tutuş Tagtabazar bolup garaşýandyrys-ow!
XS
SM
MD
LG