Sepleriň elýeterliligi

Montazeriniň jynaza namazyna müňlerçe adam gatnaşar


Eýranyň ýokary derejeli ruhany ýolbaşçylaryndan biri bolan Aýatulla Husseýn Ali Montazeriniň jynaza namazyna müňlerçe adamyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Eýranyň oppozision liderleri, Mir Hussaýn Musawi we Mehdi Karrobi şu gün onuň mukaddes Gum şäherinde kylynjak jynaza namazyyna öz tarapdarlaryny gatnaşmaga çagyrdylar.

Montazeri 1979-njy ýylda Eýranyň Patyşasynyň häkimiýetden agdarylmagyna sebäp bolan rewolýusiýany gurnan toparyň ýolbaşçylaryndan biridir.

Ol şeýle-de Eýranyň öňki ruhany lideri Ayatulla Homeýniniň bu ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçysy wezipesini eýelemegine-de ýardam edipdi.

Emma Homeýni bilen arasy açylandan soň ol hökümetden uzaklaşyp aşa sarpa goýlan oppozision liderine öwrülipdi.
XS
SM
MD
LG