Sepleriň elýeterliligi

Yragyň premýer-ministri Müsüre bardy


Yragyň premýer-ministri Nuri Al-Maliki düýn Müsüre bardy. Ol iň soňky gezek Yragyň geljegi bilen bagly 2007-njy ýylda Müsürde geçirilen halkara konferensiýa gatnaşmak üçin şol ýurda barypdy.

Ol Müsüre barandan soňra Malikiniň web-sahypasynda çap edilen habarda, Müsür bilen hyzmatdaşlyk boýunça täze tapgyryň başlanmagyndan özüniň şatdygy mälim edilýär.

Saddam Husseýniň režimi 2003-njy ýylda Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygyndaky koalision güýçleri tarapyndan agdarylandan soňra häkimiýet başyna geçen hökümet beýleki arap ýurtlary bilen aragatnaşygyny artdyrmaga synanşyp gelýär.

Şol ýurtlaryň ençemesi Bagdada öz ilçilerini iberdiler, olaryň arasynda Müsür hem bardyr. Kaýir iýun aýynda bu ýurda ýörite ilçisini belläpdi.
XS
SM
MD
LG