Sepleriň elýeterliligi

Eýranda bir režissýor tussag edildi


Eýranyň howpsuzlyk güýçleri dokumental filmi ýazga alýan režissýory Eýranly ýolbaşçylara şyltak atanlykda aýyplap, tussag etdi.

Eýranyň ISNA habar agentliginiň maglumatyna görä, Mohammed Nurizad hökümet edarasyna çagyrylyp, oňa özüne garşy salnan jerime barada maglumat berildi. O bu puly töläp bilmänligi üçin soňra türmä ugradyldy.

Nurizad ençeme dokumental kino, şol sanda Oraza aýy, 1980-88-nji ýyllaryň aralygynda bolan Eýran-Yrak urşy barada ençeme kino düşüripdi.

Nurizad soňky döwürlerde, hususanam iýun aýynda geçirilen prezidentlik saýlawlary bilen bagly hökümet ýolbaşçylarynyny tankyt edip Eýranyň ýokary derejeli ruhany ýolbaşçysy Ayatulla Hameýnä hat ýazypdy.
XS
SM
MD
LG