Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

OPEC guramasyna agza ýurtlaryň wekilleri duşuşýarlar


Nebit öndürýän ýurtlaryň guramasy bolan OPEC-e agza ýurtlaryň wekilleri düýn Afrikada ýerleşýän we ýakynda nebit çykaryp başlan ýurt Angola bardylar.

Şol ýolbaşçylar mundan bir ýyl ozal gelnen ylalaşygyň çäginde, öndürilýän nebiti azaltmak baradaky mesele hakda pikir alyşarlar.

Garyplykdan ejir çekýän we 2007-njy ýylda nebit öndürýän ýurtlaryň guramasyna agza bolan Angolada bu geçirilýän ilkinji şeýle ýygnakdyr.

Nebit öndürýän ýurtlaryň ençemesi nebitiň häzirki nyrhyndan özleriniň razydygyny mälim edýärler. Häzirki döwürde nebitiň bir barreliniň bahasy 75 dollara barabardyr.

Iň köp nebit öndürýän ýurt diýlip hasaplanýan Saud Arabystanynyň nebit ministri Ali Al-Naimi nebitiň häzirki bahasynyň amatlydygyny, onuň maýa-goýujylary, muşderileri hem-de nebit öndürijileriň ählisini kanagatlandyrýanlygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG