Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranly tanymal dissident Montazeri jaýlandy


Tanymal dissident ruhany aýatolla Hoseýin Ali Montazeri şu gün on müňlerçe adamlaryň gatnaşmagynda şaýylaryň mukaddes şäheri Kumda jaýlanyldy. 19-njy dekabrda 87 ýaşynda ýagty jahandan öten Montazeri il arasynda aşa sylanylýan şaýy ruhanysydy.

Ozalynda yslam respublikasynyň düýbüni tutan aýatolla Homeýniniň oruntutary hasaplanylan Montazeri Eýranyň yslam düzgüniniň ýiti tankytçysyna, soň hem oppozision ”Ýaşyl hereketiň” dini atasyna öwrüldi.

Şu gün uly märeke onuň ýasyna gatnaşyp, hökümete garşy şygarlary öňe sürdi: “Uly märeke şu gün sagat ýedide Montazeriniň öýüniň daşyna ýygnanyp, “allahy ekber” diýşip gygyryşyp, onuň ýasyna goşuldylar. Bu şygarlaryň käbiri şu wagt size eşidilýän bolsa gerek. “Bu gün ýas güni, belent mertebeli dini ýolbaşçy bu gün Allanyň ýanynda, ýa Huseýin, Mir Huseýin”. Bularyň hemmesi ”Ýaşyl hereketiň” geçirýän protestlerinde ýaňlanýan şygarlar” diýip, bu wakany öz gözi bilen görenleriň biri şu gün Farda Radiosyna aýtdy.

Şaýatlaryň ýene biri hem ýasa gatnaşanlaryň “Ýok bolsun diktator, Montazeri seniň ýoluň dowam eder. Bu gün ýas güni, Eýranyň ”Ýaşyl milleti” bu gün ýas tutýar” diýip, gygyryşandyklaryny habar berdi. Montazeriniň jaýlanmagyna gatnaşan oppozision ýolbaşçylar Mir Huseýn Musewi bilen Mehdi Karrubi bu güni milli ýas güni diýip yglan etdiler. Tähranda ýasa gatnaşanlar “Bu aý ganly aý. Seýed Ali agdarylar” diýen şygary öňe sürdüler.

Eýranyň öňki prezidenti Mohammed Hatemi Montazeriniň aradan çykmagyny uly ýitgi diýip häsiýetlendirdi. Nobel Parahatçylyk Baýragy bilen sylaglanan Şirin Edady hem Montazerini “Eýranda adam hukuklarynyň atasy” diýip atlandyrydy.

Oppozision internet sahypalarynyň ýekşenbe güni habar bermegine görä, Medeniýet Ministrligi gazetlere baş sahypalarynda Montazeriniň suratyny ýerleşdirmezligi buýrupdyr.

Adyny aýtmakdan saklanan bir tähranly žurnalist şu gün Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna beren bir interwýusynda Montazeriniň aradan çykmagy barada gazetlere köp zatlar ýazmazlyk hakda buýruk gelendigini aýtdy: “Şol sebäpden gazetleriň aglabasy näçe isleseler-de, Montazeriniň suratyny baş sagypalarynda çap etmezlige mejbur boldular. Men iň bärisinden iki gazete telefon arkaly şeýle buýruk berlendigini bilýärin”.

Ozal yslam rewolýusiýasyna işjeň gatnaşan Montazeri Eýranda adam hukuklary ýagdaýyny we Eýran-Yrak urşuny tankytlansoň, häkimiýet başyndakylar tarapyndan çetleşdirilidi. Ençeme ýyllap öý tussaglygynda saklanylan Montazeri häzirki Ýokary dini ýolbaşçy Hameniýini-de birsyhly tankytlap geldi. Ol iýun saýlawlaryndan soň bolan protestleriň gazaply basylyp ýatyrylmagyny hem ýiti ýazgardy.
XS
SM
MD
LG