Sepleriň elýeterliligi

Oswensiumdaky konslagerden ogurlanan demir ýazgy tapyldy


Polşada faşistik Germaniýa döwründe Oswensiumdaky konslagerde bolan we soňra ogurlanan “Zähmet adamy erkin edýär” atly demir ýazgy tapyldy.

Polşanyň polisiýasynyň metbugat wekili bu ýazgynyň demirgazyk Polşada tapylandygyny aýtdy. Ony ogurlamakda şübhe edilýan adamlaryň neo-nasistik toparlaryna dahyllarynyň ýokdygy aýdylýar.

“Arbeit macht frei" ýagny “Zähmet adamy erkin edýar” diýen ýazgy ogurlananyndan soň üçe bölünipdir. Onuň näme maksat bilen ogurlanandygy entek belli däl.

Ikinji Jahan uruşy döwründe Oswensiumdaky konslagerinde 1 millondan gowrak adam öldürilipdi. Olaryň köpisi ýewreý milletindendi.
XS
SM
MD
LG