Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşdy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanda geçirilen GDA döwletleriniň liderleriniň resmi däl sammitine gatnaşyp, öz kärdeşleri bilen duşyşdy, diýip Türkmenistanyň resmi metbugaty maglumat berýär.

Bu Almaty şäheriniň “Akbulak” atly kompleksinde geçen näresmi duşuşyga Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Orsýetiň hem Täjigistanyň liderleriniň gatnaşandygy habar berilýär.

Bu duşuşyga gatnaşanlar dürli meseleler bilen bir hatarda maliýe we ykdysady krizisiň ýaramaz täsirine garşy durmak üçin bilelikde hereket etmek meselesine garadylar diýlip, maglumat berilýär.

Ertir, 22-nji dekabrda Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew resmi sapar bilen Türkmenistana barar diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG