Sepleriň elýeterliligi

Döwür, döwürdeşler hem döwrüň syýasaty


Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow, 1991-nji ýyl.

Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow, 1991-nji ýyl.

Dogrusyny aýtsak, ýurt özbaşdak ýaşap başlandan soň türkmenleriň syýasata goşuljak bolşy ömürboýy gulply sandykda ýaşan adamy sandykdan çykaraga-da, «bar, uruş» diýip, eline gylyç tutdurylan ýaly boldy. Haýsy ýol bilen gitmeli, nämeden başlamaly, bilmediler.

Syýasy sowat edinmezden, syýasata baş goşmagyň ýalňyşlyklara eltýändigine köp kişiler düşünmediler. Köp kişiler ýurt ýolbaşçysyna agzyňa gelenini sögmek syýasatdyr öýtdüler, ýurt ýolbaşçysyna sögüp bileni syýasatçydyr öýtdüler.

Şeýle bolmazça-da däldi. Garaşsyzlyk ýyllarynyň türkmenleri syýasata goşulmany haçan görüpdir?! Olary 1920-nji-1930-njy ýyllarda sowet hökümetiniň garşysyna aýaga galan güýçli syýasatçylar bilen deňäp boljak däldi. Ýigriminji-otuzynjy ýyllaryň syýasatçylary göreşiň, urşuň, gan döküşikligiň içinde bişen syýasatçylardy. Sowet hökümeti 1937-1938-nji ýyllarda olaryň baryny ýok edipdi, atypdy, türmelere basypdy.

Başgaçarak hereket edilen bolsa...

Müň dokuz ýüz togsan birinji ýylda - Türkmenistanyň özbaşdak ýaşamaga başlan döwründe syýasata baş goşmaga synanyşanlaryň ählisi sowet hökümetiniň ýapyk düzgüninde ýaşap kemala gelenlerdi. Üstesine-de, sowet hökümeti olary hut ejesi naharlaýan çagajyk mysaly aýnadyp kemala getiripdi. Okadypdy, iş beripdi. Alym boljaklary alym edipdi, şahyr boljaklary şahyr edipdi. Syýasata baş goşmaga welin, rugsat bermändi.

Syýasat küýsänleriň barynyň dişi ikinji jahan urşundan öň döwlüpdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda syýasata baş goşjak bolanlaryň barysy uruş ýyllarynda hem-de uruşdan soňky ýyllarda doglanlardy. Olara «Ykdysady syýasat», «Ylmy kommunizm syýasaty» boýunça ýokary okuw jaýlarynda ders berlen-de bolsa, hakyky syýasat hakda hiç hili düşünje berilmändi. Diňe Leniniň alyp baran göreşi, sowet hökümetiniň göreşleri hakda öwredilipdi, olar dünýä belli syýasatçylar ýaly adamlaryň başdan geçirmelerinden bihabardy.

Bir sapar Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow Ylymlar akademiýasynda özünden nägile adamlaryň ýygnagyna gatnaşypdy. Şonda ol birnäçe nägile adamlaryň adyny tutup: «Köşge geliň, men size iş bereýin, bile işleşeliň» diýipdi. Ýaňy syýasata baş goşan kişiler çakylygy kabul etmän: «Biz seniň ýaly adam bilen işleşmeris. Sen iň gowusy, işiňden git. Bize sen gerek däl» diýşip, gygyryşyp, özlerini görkezipdiler. Soň bolsa, özlerini KNB-niň işgärlerine kowaladyp, türmä düşeni türmä düşdi, daşary ýurda gaçany daşary ýurda gaçdy.

Ine, şu ýerde gykylyk etmek syýasatça degişli däl. Şol adamlar şol wagt Nyýazowyň ýanyna işe barmalydylar. Onuň bilen işleşmelidiler. Oňa ýürek bilen hyzmat edip, bir ýandan bolsa özleri bilen pikirdeş adamlary töwereklerine, hökümet edaralaryna işe ýerleşdirmäge kömek etmelidiler. Hatda deputatlyga saýlanmaga-da kömek etmelidiler. Şeýdip köpelmelidiler. Olar bolsa gykylyk edip, dargap gitdiler. Sen bir uly syýasy güýç ýa-da partiýa bolan bolsaň, onda ýumruk galdyryp gykylyklaşsaň-da bolardy.

Indi göz ýetirildimikä?

Ýaňy garaşsyzlyk alnan ýyllarda syýasata goşuljak bolanlar bir ýylda, iki ýylda syýasatçy-da bolup bolmaýanlygyna, syýasy partiýa-da döredip bolmaýanlygyna şu günler göz ýetiren bolsalar gerek. Dünýä syýasatçylarynyň durmuşyndan ýazylan kitaplara nazar aýlanyňda olaryň syýasatyň ugrunda bütin ömrüni sarp edýändigine göz ýetirýärsiň.

Şol zatlara göz ýetirilmezlik ýüregi göreş hyjuwyndan doly köp ýigitleriň nähak ýerden ölüme, ýeňlişe, maýyplyga duçar bolmagyna getirdi. 1995-nji ýylyň 12-nji iýulynda köçä çykanlaryň betbagtçylyklarynyň öwezini näme bilen dolup bolar?! Sen bäş ýüz sany bol, ýa-da müň, barybir, eli ýaragsyz adamlaryň goşuny, polisiýasy, KNB-si bolan kişini ýeňmejegi köre hasa. Ýa-da şol bäş ýüz adamyň ýoldan ýöräp, köçelerde ýurt ýolbaşçysyna agzyna gelen zady sögüp geçmesi syýasy göreş däl. Ýolbaşçy ornuna baran kişi saňa aňsatlyk bilen ornuny bermeýär. «Bar, git! Sen bize gerek däl!» diýen sözden gorkup, haýsy ýurduň ýolbaşçysy ornuny başgalara beripdir?!

Sen ýolbaşçynyň edýän işiniň tersligini oňa düşündirip bilmeli, soň bu ýagdaýy halka düşündirip bilmeli. Ýolbaşçynyň göwne sygmaýan işine nägilelik bildirmäge halkda ukyp, gaýrat barmy, ony öwrenmeli.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda syýasy partiýalar döredi. Ýöne olaryň ýolbaşçylary halky ýeterlik derejede daşyna toplamagy başarmadylar. Olar kiçijik toparlar bolup, öz aralarynda pikir alyşmalar geçirmek bilen oňdular. Partiýa ýolbaşçylarynyň içinde her hilisi bardy. «Bize Nyýazow iş berenok» diýip, daşary ýurt medialaryna arz edip ýörenem bardy. (Öz kastyna çykan adamlara hökümetiň iş bermejegine syýasatçy düşünmeli ahbeti!)

Partiýa ýolbaşçylarynyň içinde gizlin ýagdaýda gazetler, žurnallar çap edenler, listowkalar ýaýradanlar hem boldy. Şolaryň gizlin ýagdaýda hereket etmegi-de olaryň dargamagyna getirdi. Olar nähili kyn ýagdaýlara düşseler-de, açyk ýagdaýda hereket etmelidiler, özleriniň baryny halka aýan etmelidiler.

Uly syýasat we kiçi döwlet

Dünýäde Yrak meselesiniň, Owgan meselesiniň ýüze çykmagy demokratiýany goldaýan döwletleriň türkmen syýasatçylaryna el uzatmagyna päsgel berdi. Üstesine-de, uly syýasatda alnyp barylýan oýunlar kiçijik döwlet bolan Türkmenistanyň ýaňy ýörjen-ýörjen bolmaga çalyşýan bäbege çalymdaş syýasy partiýalaryny aýagy bilen basyp geçdi.

Tebigy gazyň baý gory bolan ýurduň ýolbaşçysynyň özlerine gülüp bakaryny gazanmak meselesi demokratiýa ugrunda göreşmek üçin ýörjen-ýörjen bolup ugran syýasy partiýalara gol uzatmak meselesinden zerurrak boldy.

Şeýlelikde, diktatura ýurdy bolan Türkmenistanda ýaňy döräp ugran syýasy partiýalar özlerini aýan etmänkäler dargap gitdiler. Partiýalaryň birnäçesiniň ýolbaşçysy dälihana, birnäçesiniň ýolbaşçysy türmä atyldy. Birnäçesiniň jaýy-emlägi elinden alnyp, özi ýurtdan çykaryldy. Birnäçesi özüne hökümet tarapyndan işjagaz berlensoň, göreşmegini bes etdi.

Dünýäde, şol sanda Türkmenistanda-da demokratiýanyň ornaşdyrylmagyny isleýän hem-de demokratik ösüşleri goldaýan döwletler mundan beýläk bir hiç kimiň ýylgyryşyny gazanjak bolman, Türkmenistandaky oppozision toparlary hem partiýalary goldasa, olara gol uzatsa gowy bolar. Demokratlar diktatorlardan gowy ýylgyrýar. Ine, şonda tebigy gazam hemmä ýetik bolar, dostluk gatnaşyklary-da üýtgeşik bolar!

Döwlet Hojamedow aşgabatly inteligensiýa wekiliniň edebi lakamy. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG