Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň prezidenti Türkmenistana bardy


Orsýetiň prezidenti Dimitriý Medwedew Türkmenistana bardy. Ol şol ýerde türkmen ýolbaşçylary bilen energiýa pudagy boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakda pikir alyşar.

Orsýetiň RIA Nowosti habar agentliginiň maglumatyna görä, iki ýurduň ýolbaşçylary gaz bilen bir hatarda ençeme halkara meseleler, şol sanda Owganystandaky ýagdaýlar, halkara terrorçylyga, neşe gaçakçylygyna we guramaçylykly jenaýata garşy göreş ýaly meseleler barada-da pikir alyşarlar.

Şol agentlik aýratynam Berdimuhamedow bilen Medwedewiň arasynda gürrüň ediljek temalardan biriniň ykdysady we söwda ulgamyndaky hyzmatdaşlykdan ybarat boljakdygyny habar berýär.

Mälim bolşuna görä, Orsýet Türkmenistanyň iň uly söwda hyzmatdaşlaryndan biridir.

Medwedew bu saparynyň dowamynda Puşkin adyndaky mekdebiň jaýynda täze binanyň açylyş dabarasyna hem gatnaşar.

2002-njy ýylda açylan bu mekdeb, okuw programmalary rus dilinde bolan ýurtdaky ýekeje okuw jaýdyr.
XS
SM
MD
LG