Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Eýranly oppozision lidere hüjüm edildi


Eýranly reformaçy oppozision web sahypasy “kaleme”, oppozision lideri Mir Huseýin Musawa ýokary derejeli eýranly ruhany we dissident aýatulla Hoseýin Ali Muntazeriniň yasyna gatnaşyp öýüne gelýärkä, ýolda hüjüm edilenligini habar berdi.

Şol web-sahypanyň maglumatyna görä, graždan geýimli ençeme motosikletli adam Musawiniň maşynyny togtatmaga synanşyp, Musawa hapa sözler aýdypdyrlar.

Bu hüjüm aýatulla Muntazeriniň ýasyna oppozisiýanyň öň müňlerçe tarapdarynyň gatnaşmagyndan soňra ýüze çykdy. Şol ýas Tähranyň 125 kilometr uzaklygynda ýerleşýän Kum şäherinde tutuldy.

Şol ýasa gatnaşanlaryň uly bir bölegi hökümete garşy şygarlar okap çykyş etdiler.

Muntazeri 1979-njy ýylda amala aşyrylan Yslam rewolýusiýanyň düýbini tutujylardan biridir.
XS
SM
MD
LG