Sepleriň elýeterliligi

Özbegistanda aktiwistlere basyşlar artdyrylýar


Hukuk goraýjy Human Rights Watch 2009-njy ýyllyň 27-nji dekabrynda Özbegistanda geçiriljek parlament saýlawlaryndan öň özbek hökümetiniň oppozisiýa hem-de hukuk goraýjy aktiwistlere garşy gysyşyny hasam artdyranlygyny habar berdi.

Ady agzalýan topar tarapyndan ýaýradylan beýanatda aýdylşyna görä, ýurtda onlarça aktiwist emeli öý tussaglygynda saklanýar we olara saýlawlar geçirilip gutarylýança öýlerini terk etmezlik tabşyrylypdyr.

6 aktiwistiň pasporty bolsa wagtlaýyn möhlet boýunça elinden alnyp, olardan biri hem ýenjilipdir diýip, Human Rights Watch guramasy öz beýanatynda mälim edýär.

Ady agzalýan toparyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça departamentiniň ýolbaşçysy Holly Kartner bu ýagdaýyň gaty alada berijidigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG