Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Medwedew Berdimuhamedow bilen gepleşik geçirdi


Şu gün Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew Türkmenistana saparynyň barşynda ýurduň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen gepleşik geçirdi.

Şu gepleşigiň yzy bilenem, taraplar Türkmenistan bilen Orsýetiň arasynda ozalky togtadylan gaz eksportyny gaýtadan dikeltmeklik baradaky ylalaşyga gol çekdiler.

Şol ylalaşyga görä, türkmen gazy 2010-njy ýylyň ýanwar aýynyň başyndan Orsýete akyp başlamaly.

Habar agentlikleriniň maglumatyna görä, bu ylalaşykda häzirlikçe Orsýet Türkmenistandan ýylda 30 milliard kubometr gaz almaklyga borçlanýar. Bu bolsa soňky ýyllar Orsýete akdyrylyp gelnen gazyň möçberinden iki esse töweregi azdyr.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň aprel aýynda gaz geçirijisiniň ugrunda ýüz beren partlamanyň yzy bilen, Türkmenistandan Orsýete akdyrylýan gaz kesilipdi. Ýöne truboprowodyň remont edilmeginden soň hem gazyň eksporty gaýtadan dikeldilmedi.

Moskwa bilen Aşgabat bu bökdençlikleriň sebäbi barada anyk beýanat bilen çykyş etmeseler-de, köp analitikler munuň sebäbiniň gazyň nyrhy baradaky ylalaşmazlyklar bilen baglanyşykly bolup gelendigini aýdýarlar.

Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedewiň Türkmenistana bu sapary Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň açylyş dabarasynyň yzýanyndaky günlere gabat geldi.
XS
SM
MD
LG