Sepleriň elýeterliligi

“Serhetsiz lukmanlar” topary gepleşiklere taýýar


"Serhetsiz lukmanlar" toparynyň ýolbaşçysy Frank Dorner.

"Serhetsiz lukmanlar" toparynyň ýolbaşçysy Frank Dorner.

“Serhetsiz lukmanlar” topary Türkmenistanda näsaglara 10 ýyl töweregi hyzmat edenden soň, 17-nji dekabrda bu ýurtda saglyk ulgamynda alyp barýan işlerini togtadýanlygyny yglan etdi.

Agzalýan gurama tarapyndan ýaýradylan beýanatda aýdylyşyna görä, bu ýurtda inçekeseliň häzirki döwürde ilatyň saglygyna uly howp salýandygyna garamazdan, türkmen režimi bu baradaky programmany ýola goýmaga rugsat etmändir.

Eýse, bu kesel ilata näderejede wehim salýar, munuň nähili öňüni alyp bolar? Şeýle-de bu topary Türkmenistanda alyp barýan işlerini togtatmaga mejbur eden başga nähili sebäpler bar?

"Serhetsiz lukmanlar" toparynyň ýolbaşçysy Frank Dorner bilen Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda alyp barýan işleriňiz barada dolurak maglumat beräýseňiz?

Frank Dorner: Ilki bilen ”Serhetsiz lukmanlar” toparynyň 10 ýyldan bäri Türkmenistanda iş alyp barýanlygyny ýatladasym gelýär. Häzirki döwürde biziň guramamyz Türkmenistanda iş alyp barýan hökümete degişli bolmadyk iň soňky halkara toparydyr.

Biz Türkmenistanda, umuman, inçekesele garşy göreşmek bilen meşgullanyp, bu keseli bejermek bilen bir hatarda ýurda köp sanly döwrebap enjamlary getirdik. Şeýle-de Türkmenistanyň saglyk ministrligine-de ýardam etdik. Şol proýektlerden soňra, biz çagalaryň we eneleriň saglygy baradaky ugurlara üns berip, häzirki döwürde bolsa ilata uly howp salýan, dürli däri-dermanlaryň täsirine uýgunlaşan inçekesele garşy göreşmek barada plan düzdik.

Azatlyk Radiosy: Siz öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň döwründe hem Türkmenistanda iş alyp barýardyňyz, şol döwürdäki tejribeleriňiz barada az-kem gürrüň beräýseňiz?

Frank Dorner: Umuman, aýdylanda şol ýurtda mydama käbir administratiw problemalarymyz bolupdy. Emma beýleki tarapdan, biz Saglyk ministrligi bilen gowy hyzmatdaşlyk edip, alyp barýan işlerimiz boýunça şol ministrlik bilen gowy aragatnaşyk sakladyk. Elbetde, Türkmenistan ýaly ýurtlarda iş alyp barmak o diýen aňsat däl, sebäbi edip biläýjek işiňiz gaty çäkli. Her halda biz inçekesele ýoluganlara kömek etmäge synanyşýarys, emma häzirki döwürde bize päsgelçilik döredilýär.

Inçekeseliň dürli däri-dermanlaryň täsirine uýgunlaşan görnüşine duçar bolan adamlaryň sanynyň aşa köpdügi göz öňünde tutulanda, bu gaty alada galarly ýagdaýdyr.

Azatlyk Radiosy: Size nähili päsgelçilik döredilýär, bu barada has jikme-jik maglumat berip biljekmi?

Frank Dorner: Türkmenabatda inçekeseliň dürli däri-dermanlaryň täsirine uýgunlaşan görnüşine ýoluganlary bejermek barada hökümete bir proýekt hödürledik. Şu ýylyň başyndan bäri şol proýektiň ýola goýulmagy üçin hökümetiň rugsat bermegine garaşyp gelýäris. Biz bu programmany ýurtda öňden bäri inçekesele garşy alnyp barylýan çärelere goşmaça hökmünde amala aşyrmagy planlaşdyrýarys.

”Serhetsiz lukmanlar” topary Türkmenistanyň Saglyk ministrliginiň işgärleri bilen bir hatarda şeýle kesele duçar bolan adamlary bejermek üçin göni olaryň özleri bilen aragatnaşyk gurmagy teklip etdi. Elbetde, bu programmanyň Türkmenistanyň saglyk ulgamyna uly goşant goşjakdygy ikuçsyzdyr.

Türkmen ýolbaşçylaryna hödürlenen teklip şundan ybaratdy. Biz bu teklip barada Türkmenistanyň dürli wezipelerdäki wekilleri bilen pikir alyşdyk, olar ilkibaşda bu teklibi gowy garşy alýan ýaly bolup göründiler. Haçanda biz bu ugurdaky işlerimize başlamakçy bolanymyzda, programmanyň iş ýüzünde ýola goýulmagy bilen olar asla gyzyklanmadylar. Uzak wagtlap garaşamsoňyz we bize takyk jogap berilmänsoň, öz programmalarymyzy dowam etdirmelimi ýa-da ýatyrmalymy diýlen meselede belli bir karara gelmelidik.

Sebäbi häzirki döwürde ”Serhetsiz lukmanlar” toparynyň Türkmenistanda hakykatda saglyk bilen bagly bitirýän işi galmady, şol bir wagtda-da saglyk ugrundan ýurtda şeýle hyzmatlara zerurlygyň bardygy anykdy. Emma bize inçekeseliň köpçülikleýin däri-dermanlara durnukly görnüşine ýoluganlary Bütindünýä saglyk guramasynyň standartlaryna görä bejermäge mümkinçilik berilmänsoň, ”Serhetsiz lukmanlar” topary şeýle karary kabul etmäge mejbur boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmen ýolbaşçylary siziň teklipleriňize hiç hili jogap bermedilermi?

Frank Dorner:
Olar bize şeýle kessele duçar bolanlary bejermäge özleriniň ýeterlik serişdesiniň bardygyny hemem öz lukmanlarynyň bu problemanyň hötdesinden gelip biljekdiklerini aýtdylar. Emma biz hökümet tarapyndan guramalaşdyrylýan bu baradaky planyň durmuşa girizilmeginiň ençeme ýyl wagt alyp biljekdigi sebäpli alada galýarys. Häzirki döwürde inçekesel barada resmiler tarapyndan berilýän sanlar hem alada eder ýaly derejede. Sebäbi şol hasabatda inçekesele ýoluganlygy anyklananlaryň 20 prosent töweregi dürli däri-dermanlaryň täsirine uýgunlaşan görnüşine duçar bolan adamlardyr. Bu hakykatdan hem ýagdaýyň gaty howply derejä ýetendigini aňladýar.

Şol adamlar häzirki döwürde bejerilmeli, eger olaryň bejeriş işleri gijä galdyrylsa, bu adamlaryň ýagdaýynyň hasam ýaramazlaşmagy mümkin we şu kesel ölüm-ýitimiň bolmagyna hem sebäp bolup biler. Bu şeýle-de tutuş ilatyň saglygyny hem howp astyna salar.

Azatlyk Radiosy: Jenap Dorner, eger ýalňyş düşünen bolsam, meni bagyşlaň, siz bu teklibiňizi türkmen ýolbaşçylaryna hödürläniňizde, olar size zerurlyk ýok, bu keseliň hötdesinden gelmäge ýeterlik mümkinçiligimiz bar diýdiler, şeýlemi?

Frank Dorner: Olar bu keseli bejermäge ýeterlik serişdäniň we hünärli lukmanlaryň bardygyny, olaryň bu ugurda alyp barýan işleriniň ýeterlikdigini, şeýle-de bu mesele boýunça ýola goýlan planda uly ösüşiň gazanylanlygyny aýdyp, bu barada haýsydyr bir goşmaça serişdä zerurlygyň ýokdugyny mälim etdiler.

Azatlyk Radiosy: Türkmen ýolbaşçylarynyň öz mümkinçilikleri barada berýän maglumaty sizi kanagatlandyrýarmy?


Frank Dorner: Elbetde, Türkmenistanda şeýle programmalar hakda maglumaty bolan adamlaryň ýokdugyny aýdyp bolmaz. Emma olaryň gürrüňini edýän plany durmuşa girizilýänçä aradan ençeme ýyl geçer.

”Serhetsiz lukmanlar” topary hökmünde biziň häzirki döwürde gaýragoýulmasyz medisina kömegine garaşýan şol adamlara saglyk hyzmatyny derhal hödürlemäge ýeterlik tejribämiz bar. Sebäbi häzirki döwürde bu kesele ýolugan adamlar ondan aşa ejir çekýärler. Olaryň kömege mätäçligi uly. Türkmen ýolbaşçylarynyň planlaşdyrýan programmasy işläp başlaýança bolsa, aradan ençeme ýyl wagt geçer.

Azatlyk Radiosy: Inçekeselden başga Türkmenistanda nähili keseller bar?


Frank Dorner:
Türkmenistanda-da beýleki ýurtlarda bolan dürli keselleriň bardygyny aýdyp bolar, meselem, çagalar barada aýdylanda, içgeçme keseliniň bu ýurtda ýaýrandygy ýüze çykypdy. Käbir halatlarda bolsa keselleri bejermek üçin öňden gelýän we halk arasynda giňden ýaýran bejeriş usullarynyň ulanylýandygy sebäpli hem saglyk bilen bagly dürli problemalar ýüze çykýar.

Beýleki keseller barada gürrüň edilende, Türkmenistandaky ýagdaýlaryň regiondaky ýa dünýäniň beýleki ýurtlaryndaky ýagdaýlardan o diýen tapawutly däldigini aýdyp bolar. Emma saglygy goraýyş serişdeleri barada gürrüň edilende, Türkmenistandaky mümkinçilikler köp halatlarda Bütindünýä saglyk guramasynyň standartlaryna gabat gelenok. Meselem, häzirki döwürde ýüzbe-ýüz bolunýan inçekesel we onuň köpçülikleýin däri-dermanlaryň täsirine uýgunlaşan görnüşini bejermekde ýüze çykan ýagdaý munuň anyk mysalydyr.

Azatlyk Radiosy: SPID wirusy ýokaşan adamlaryň sany barada anyk maglumat ýok, käbir raportlarda Türkmenistanda bu wirus ýokuşan ýekeje adamyň bardygy aýdylýar. Bu ugurda sizde nähili maglumat bar?

Frank Dorner: SPID wirusy ýokuşanlaryň sany barada bir zat aýtmak kyn, sebäbi resmi taýdan berilýän maglumatlarda şeýle kesele ýolugan adamyň ýurtda asla ýokdugy aýdylýar. Mundan birnäçe wagt öň, SPID wirusynyň iki adamda duş gelnenligi aýdylypdy, emma soňky döwürlerde BMG tarapyndan çap edilýän hasabatlarda, indi şeýle maglumata hem duş gelinmeýär. Hatda şeýle adam ýurtda bar hem bolsa, türkmen ýolbaşçylary bu barada maglumat bermeýärler. Netijede bize-de bu barada alada etmek gaty kyn, sebäbi resmi taýdan onuň ýokdugy tekrarlanýar.

Şeýle ýagdaýda bu barada size anyk maglumat ýa san berip biljek däl, sebäbi bu wirus ýokuşanlaryň sanyny häzirki döwürde anyklamak biziň üçin mümkin däl.

Azatlyk Radiosy: Mundan birnäçe ýyl öň guş dümewi ýüze çykanda, häzirki prezident Berdimuhamedow ýurduň Saglyk ministridi. Ol şol mahal çykyş edip, şeýle dümewiň Türkmenistanda ýokdugyny we munuň geljekde hem asla bolup bilmejegini aýdypdy. Häzirki döwürde doňuz dümewi dünýä wehim salýar. Bu mesele bilen bagly Türkmenistandaky ýagdaýlar hakda näme aýdyp biljek?


Frank Dorner:
Şeýle düwmewleriň ýurtda düýpden ýokdugyny aýtmak mümkin däl. Mundan birnäçe gün oň Türkmenistanda çagalaryň dümewlänligi baradaky maglumatlara duş geldik. Emma biz doňuz dümewiniň ýurtda bardygyny-ýokdugyny takyk aydyp biljek däl. Sebäbi bu barada barlag geçirilmedi. Her halda şeýle dümewleriň Türkmenistana barmanlygyny aýtmak gaty kyn. Ýöne bu barada takyk maglumat bermäge ýagdaýymyz ýok.

Azatlyk Radiosy: Şeýle ýagdaýda siziň Türkmenistan barada mundan beýläk ätjek ädimleriňiz nämelerden ybarat bolar?


Frank Dorner: Biz Türkmenistanyň hökümeti bilen gepleşikleri dowam etdirmäge synanyşarys. Biziň gapymyz henizem açyk we türkmen hökümeti bilen konstruktiw gepleşikler geçirmäge taýýar. Eger bize iş alyp barmaga mümkinçilik berilmese, donorlaryň bize berýän puluny diňe Türkmenistanda edaramyzyň bardygyny görkezmek üçin sarp edip oturyp biljek däl. Şeýle ýagdaýda ýurtda adymyz sanawda galar, ýöne biz Türkmenistandaky edaramyzy ýapyp, ýurdy tutuşlygyna terk etmäge we alyp barýan işlerimizi dolulygyna ýatyrmaga mejbur bolarys.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG