Sepleriň elýeterliligi

Orsýete türkmen gazy täzeden akyp başlar


Medwedew Aşgabada sapar edýär, 22-nji dekabr, 2009-njy ýyl.

Medwedew Aşgabada sapar edýär, 22-nji dekabr, 2009-njy ýyl.

Orsýetiň prezidenti D.Medwedewiň Türkmenistana saparynyň dowamynda 22-nji dekabrda Aşgabatda bolan türkmen-ors gepleşiklerinde gol çekilen dokumentlere görä, geljekki ýylyň başynda özara gaz söwdasy dikeldiler, ýurtlar arasynda energetika we maşyn-gurluşygy pudaklarynda strategik hyzmatdaşlyk giňeldiler.

Türkmenistanyň we Orsýetiň prezidentleri arasynda gelnen ylalaşyklara görä, geljek ýylda "Gazprom" Türkmenistndan 30 milliard kubometr mukdarda gaz satyn almakçy. Türkmen gazynyň Orsýete 2010-njy ýylyň 1-10-njy ýanwar aralygynda akdyrylyp başlanjagy habar berildi.

Interfaks agentliginiň maglumatyna görä, ýurtlar arasynda gaz söwdasy boýunça 2003-nji ýylyň 10-njy aprelinde baglaşylan ylalaşyga girizilen üýtgetmelere we goşmaçalara Türkmenistanyň we Orsýetiň prezidentleriniň gatnaşmagynda ”Gazprom” kompaniýasynyň başlygynyň orunbasary Aleksandr Medwedew we “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Nury Muhammedow tarapyndan gol goýuldy.

Bu dokumentleriň gazyň gaýtadan akdyrylyp başlanmagynyň ähli şertlerini, şol sanda bahasyny, mukdaryny we düzgünlerini kesgitleýänligini ”Gazpromyň” başlygynyň orunbasary Aleksandr Medwedew aýtdy. Onuň sözlerine görä, “Türkmen-ors gaz gatnaşyklarynyň taryhynda ilkinji gezek gazyň söwädasy Ýewropanyň gaz bazarynyň şertlerine doly gabat gelýän baha formulasynda amala aşyrylar” diýip, Interfaks ýazdy.

Gazyň bahasy Ýewropanyň gaz bazarynyň şertlerine gabat bolar


Emma Orsýetiň Türkmenistandan satyn aljak gazynyň bahasy baradaky sanlar ne Türkmenistanyň, ne-de Orsýetiň resmi maglumatlarynda berildi. Frans Press agentliginiň maglumatynda “Gazyň nyrhy partnýorlar arasyndaky söwda syry bolup durýar” diýlip, Orsýetiň wise-premýeri Igor Seçiniň aýdan sözünden sitata getirilýär.

Şol bir wagtda-da hut gazyň nyrhynyň taraplar arasynda soňky döwürde geçirilen ençeme gepleşikleriň üns merkezinde bolanlygyny we uzaga çeken ylalaşyksyzlyklara esasy sebäp bolanlygyny synçylar belleýärler.

Türkmenistan-Orsýet gaz söwdasy şu ýylyň aprel aýynda “Orta Aziýa-Merkez” gaz geçirijisiniň Türkmenistanyň giňişligindäki böleginde bolan partlamadan soň kesilipdi. Türkmen tarapy ”Gazpromyň” turbadan alýan gazynyň mukdaryny çürt- kesik azaltmagynyň partlama sebäp bolanlygyny öňe sürüpdi.

Öz nobatynda ”Gazpromyň” türkmen gazyny satyn almaga islegsizligine global maliýe krizisi ýagdaýynda dünýäde gaza bolan talaplaryň azalmagynyň we türkmen gazynyň gymmatlygynyň esasy sebäp bolanlygyny ekspertler bellediler. Orsýet bilen gaz söwdasynyň bes edilmegi netijesinde Türkmenistanyň her aýda bir milliard dollar ýitgi çekenligi barada çaklamalar öňe sürüldi.

Täze ylalaşygyň taraplar üçin bähbidi

Postsowet döwletlerinde syýasy jemgyýetçilik prosesleri öwrenýän informasion analiz merkezinden Aleksandr Karawaýew Aşgabatda gelnen türkmen-ors ylalaşygyna şeýle baha berdi: “Türkmenistanyň gazyň nyrhyna bagly meselede öz maksadyna ýetip, ony bazar nyrhyna golaýladanlygy düşnükli".

Karawaýewiň aýtmagyna görä, Türkmenistan bilen Orsýet arasynda gelnen ylalaşyklar taraplaryň ikisine-de bähbitli, emma ilkinji nobatda Turkmenistana
Türkmenistanyň öz maksadyna ýetip, gazy bazar nyrhyna golaýladanlygy düşnükli.
bähbitli, sebäbi ýurt halkara bazarlaryna çykmak üçin hakyky mümkinçiliklere eýe bolýança onuň üçin Orsýet bilen gatnaşyklar bähbitli bolup galýar. Orsýetiň bähbitleri bolsa belli bir derejede çylşyrymly görünýär, türkmen gazyny satyn almak meselesinde ençeme dürli nýuanslar bar”.

14-nji dekabrda Türkmenistan Hytaýa tarap guran täze gaz geçirijisini işe girizdi. Emma ýylda 40 milliard kubometr gaz akdyrmaga ukyply turbanyň doly derejede 2012-nji ýylda işläp başlajagy aýdyldy. Geljek ýylda bolsa Türkmenistanyň Hytaýa 4-10 milliard kubometr aralygynda gaz akdyrmagynyň ähtimaldygyny synçylar çak edýärler we üstesine gazyň nyrhynyň-da entek kesgitlenmänligini belleýärler.

Aleksandr Karawaýew Orsýetiň Türkmenistan bilen gatnaşyklarynda syýasy meseleler hem uly orun tutýar diýip, hasap edýär.

Türkmenistanyň soňky döwürde syýasy we energiýa hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça ädýän köpugurly ädimleriniň Moskwanyň regiondaky geosyýasy täsiriniň gitdigiçe çäklenmegine getirýänligini analitikler belleýärler we Orsýet bu barada öz garaýşyny resmi derejede açyk mälim etmeýän hem bolsa, Hytaýyň we Günbatar döwletleriň regiondaky aktiwliginiň Kremliň göwnünden turmaýanlygyny aýdýarlar.

Türkmen-Orsýet ylalaşygynyň beýleki proýektlere täsiri

”Gazpromyň” resmisi A.Medwedewiň sözlerine görä, ýurtlar bilelikdäki täze proýektlerini amala aşyrmak mümkinçiligine eýe. Ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň perspektiwalary barada aýdyp, Medwedew Türkmenistandan Ýewropa tarap täze gaz geçirijisiniň gurluşygyny, şeýle-de Türkmenistanyň Hazar deňzindäki böleginde uglewodorod serişdelerini gözlemek we öndürmek ugruny agzapdyr. Bu barada France Press agentligi habar berýär.

Aşgabatda gelnen türkmen-ors ylalaşyklary Türkmenistanyň, hususan-da, Ýewropa Bileleşigi bilen energiýa hyzmatdaşlygyny giňeltmek planlaryna we Günbatar döwletleriniň öňe sürýän “Nabukko” proýektine nähili täsir ýetirip biler?

Rumyniýanyň Ylymlyar akademiýasyndan energiýa meseleleri boýunça bilermen Dan Sicio bu täsir Aşgabadyň Moskwa bilen baglaşan täze ylalaşygynyň şertlerine bagly diýip, pikir edýär. Emma taraplaryň özara ylalaşygy barada berilýän maglumatlaryň örän çäklidigini ekspert belledi.

“Mesele ”Gazprom” bilen baglaşylan ylalaşykdaky şertlere degişli. Bu ylalaşyk uzak möhletleýin bolmasa, ýa Türkmenistanyň beýleki taraplar bilen ylalaşyklary baglaşmak mümkinçiligini çäklendirmese, ýagny adatdan daşary bir ylalaşyk bolman, diňe söwda ylalaşygy bolsa, onda Türkmenistanyň ylalaşygyň berýän mümkinçiliginden peýdalanmagy düşnükli” diýip, Dan Sucio aýtdy.

Orsýet Federasiýasy bilen möhüm strategik partnýor hökmünde gatnaşyklaryny berkitmeklige Türkmenistanyň öz daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde garaýanlygy türkmen metbugatynda bellenildi. Aşgabatdaky gepleşiklerde prezident G.Berdimuhamedow Orsýetiň Türkmenistanyň strategik partnýorydygyny ýene tassyklady.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG