Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň aradan çykanyna 21-nji dekabrda üç ýyl boldy. Şol gün Nyýazowyň doglan obasy bolan Gypjakda ýurduň ilkinji prezidentiniň ýatlama güni bellenildi.

Bu çärä ýurduň häzirki prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow bilen bir hatarda wise-premýerler, Mejlisiň ýolbaşçylary, ministrler hem gatnaşdylar.

Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowy ýatlama güni çäresine ýurduň häzirki prezidentiniň gatnaşmagy soňky döwürde Türkmenbaşynyň kulty bilen bagly alnyp barylýan syýasatda ýene-de düşnüksizlik döretdi.

Nyýazow aradan çykanyndan soň, Türkmenistanda onuň kulty ýuwaş-ýuwaşdan ýok edilip başlandy. Ilki bilen ýurduň mediasynda onuň ady ýitirim boldy. Soňra Nyýazowyň kulty bilim ulgamyndanam aýrylyp ugrady. Bilim ministrliginden gelen görkezmä laýyklykda, mekdeplerden Türkmenbaşy hem-de onuň ýazan kitaby «Ruhnama» bilen baglanyyşykly stendleriň, gollanmalaryň bary aýryldy.

Hut Türkmenbaşynyň heýkeli sebäpli, Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň simwoly bolan Bitaraplyk binasyny mediada ulanmaklyga gadagançylyk girizildi.

Nyýazow öz döwründe täze açylan binalaryň, edaralaryň, muzeýleriň köpüsine öz adyny dakyp çykypdy. Ýöne soňky wagtlarda şol binalardyr edaralaryň atlary «Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky» diýlen sözler aýrylyp ulanylyp başlandy.

Garaşylanlar bolmady

Bu zatlar görnetin Nyýazowyň kultunyň köküne palta urlup başlanandygyndan habar berýärdi. Ilat köpçüligi tiz wagtda Nyýazowyň kultunyň resmi ýagdaýda hem tankytlanaýmak ähtimallygynyň bolaýmagyna garaşyp başlady. Muňa esas hem bardy.

2008-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Nyýazowyň aradan çykmagyna iki ýyl bolanda, onuň ýatlama güni sadaja görnüşde bellenildi. Gypjakda bellenilen şol gezekki ýatlama çäresine ýurduň häzirki prezidenti barmady. Şonda ilat arasynda indiki ýyl Nyýazowyň ýatlama güni asla bellenilmez öýdülipdi. Ýöne tersine bolup çykdy. Bu gezekki ýatlama çäresine Gurbanguly Berdimuhammedow öz egindeşleri bilen baryp, ýurduň ilkinji prezidentini hatyralyp, aýat okady.

Şu ýylyň 21-nji dekabryndaky Gypjakda bolan hatyra çäresi, ýurduň telewideniýesinde Nyýazowyň ömri bilen bagly gepleşikleriň gurnalmagy hem-de «Ruhnama» esasynda düşürilen kinolaryň görkezilmegi Türkmenbaşynyň kultunyň tiz wagtdan doly ýok ediler diýlen pikiri püçege çykardy.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG