Sepleriň elýeterliligi

Demokratik tejribe ýokdumy ýa taýýarlyk?


1989-njy ýylyň 6-njy aprelinde Tbiliside bolup geçen mitingiň pidalarynyň jaýlanyş çäresi, 16-njy aprel, 1989-njy ýyl.

1989-njy ýylyň 6-njy aprelinde Tbiliside bolup geçen mitingiň pidalarynyň jaýlanyş çäresi, 16-njy aprel, 1989-njy ýyl.

1989-njy ýylda, Berlin diwarynyň uly dabara bilen ýykylmagyndan ýedi aý ozal, Gürjüstanyň paýtagtynyň merkezinde müňlerçe adam ýygnanyp, özleriniň sowet düzgüninden närazylygyny mälim edipdiler.

Şol protestçileriň biri hazir Tbilisiniň döwlet mekdebiniň müdiri Ghia Marghulia Mihail Gorbaçýowyň perestroýkasy döwründe öz garaşsyzlygyna tarap gürjüleriň äden şol aýgytly ädiminiň ähmiýetini belledi.

Marghulianyň sözlerine görä, şonda azatlygyň “demini alan gürjüleriň köne düzgüne gaýdyp dolanyp barmajagy belli boldy”, şondan soň Gürjüstanyň erkin ýurt bolmalydygy barada aýdylyp başlandy.

Emma şol wakalar bolan döwri Kreml başga pikirdedi. Demonstrasiýalar geçirilen gününiň ertesi demonstrantlary gabawa salmak üçin sowet goşunlary çekilipdi we protestçiler harby polisiýa tarapyndan hüjüme sezewar edilipdi. 19 sany gürjüstanly şol sanda 16 ýaşly gyz öldürülipdi.
Şonda azatlygyň “demini alan gürjüleriň köne düzgüne gaýdyp dolanyp barmajagy belli boldy.


1989-njy ýylyň gandöküşikli baharynyň yz ýany Gündogar Ýewropada öwrülişikler başlandy. Paragada we Berlinde geçen parahatçylykly protestler, Rumyniýada bolsa has berk garşylykly çykyşlar arkaly Günorta Ýewropanyň Sowet Soýuzynyň täsiri astyndaky režimleri agdaryldy, “Demir tuty” ýok edildi we Sowuk uruş tamamlandy.

Şu ýyl dünýäde “Demir tutynyň” ýok edilmeginiň 20 ýyllygy bellenilýärkä, 1989-njy ýylyň rewolýusiýalaryny başdan geçiren döwletleriň ykbaly köpçüligiň ünsüni çekýär. Ozlaky sowet ýaranlary bolan Polşa, Wengriýa, Çehiýa we Slowakiýa Respublikalary NATO hem Ýewropa Bileleşigine agza erkin we üstünlikli döwletlerdir. Emma Gürjüstan, Ukraina we Moldowa ýaly ýurtlar 1991-nji ýylda öz garaşsyzygyny yglan eden hem bolsalar, 20 ýyla golaý wagt bäri Moskwanyň täsirinden doly dynmak, demokratik düzgünlere eýerýän döwlet bolmak we Günbatara goşulmak ugrunda göreşip gelýärler.

Ghia Marghulia, döwletler öz garaşsyzlygyny talap eden hem bolsalar, öz döwründe azatlyga doly taýýar bolmandylar diýip pikir edýär we Postsowet döwründe goýberilen ýalňyşlyklary esasan ýurtlaryň özbaşdak dolandyryjylyk tejribeleriniň ýetmezçiliginde görýär.

Awtoritar syýasy medeniýetden ugur alyndy

Analitikleriň hem aýtmagyna görä, 70 ýyllap sowet düzgünlerine laýyklykda dolandyrylan döwletler, garasyzlyga eýe bolansoňlar hem, demokratik teribeleri bolmansoň, sowet sistemasynyň awtoritar syýasy medeniýetinden ugur alyp geldiler. Üstesine-de Moskwanyň golaýlygy hem döwletleriň Günbatar bilen ýakynlaşmagyna päsgelçilik döretdi.

ABŞ-nyň Daşary gatnaşyklar geňeşiniň agzasy, Sowuk urşuň tamamlanmagy we 2001-nji ýylyň 11 sentýabr wakalary arasyndaky döwre baha berýän “Amerika uruşlaryň arasynda” atly kitabyň awtory James Goldgeier şeýle diýýär: “Elbetde, olar Günbatar Ýewropa ýakyn boldugyça, proses şonça-da tiz geçerdi. Meniň pikirimçe, içerki syýasy faktorlar we şol ýurtlaryň Günbatara ýakynlaşmagyna Orsýetiň islegsizligi iň uly problema boldy”.

Gürjüstanda, Ukrainada we Gyrgyzystanda bolan “reňkli rewolýusiýalar” 1989-njy ýylyň rewolýusiýalarynyň ikinji tapgyry bolup, ýurtlaryň demokratiýa tarap hereketine täze itergi berjege meňzäpdi. Emma yz ýany ýurtlaryň syýasy elitalary arasynda başlanan gapma-garşylyklar başda dörän umytlaryň azalmagyna getirdi.
Içerki syýasy faktorlar we şol ýurtlaryň Günbatara ýakynlaşmagyna Orsýetiň islegsizligi iň uly problema boldy.


Problemanyň uly böleginiň Orsýetiň täsirine bagly bolanlygyny köp ekspertler aýdýarlar. Gündogar Ýewropa döwletlerine täsirini ýitirensoň, Moskwa postsowet döwletleriniň üstünden öz gözegçiligini saklamak ugrunda herekete başlapdy. Şol bir wagtda-da Orsýetiň şübhesiz täsirinden daşary, postsowet regionynyň aglaba böleginde demokratik tejribeleriň ýetmezçilik etmegi uly problema bolup durýar.

Nýu Ýorkuň Kolumbiýa Uniwersitetiniň halkara syýasat boýunça professory Lincoln Mitchell şeýle diýýär: “Saýlawlarda ýeňilmäge-de kaýyl we demokratiýa doly düşünýän liderler bolmaly. Liderler demokratiýanyň missiýasynyň özleriniň ýurda getirip biljek peýdasyndan has gymmatlydygyna hem düşünmeli”.

Günbatar döwletleriniň Orsýet bilen gatnaşyklaryny gowulandyrmak maksady bilen Ukraina we Gürjüstan ýaly döwletlere öz ýardamyny gowşatmagynyň ähtimallygy-da kynçylyklaryň ýene biri bolup durýar.
XS
SM
MD
LG