Sepleriň elýeterliligi

Eýran: “Harbylaryň Yrakdaky dawaly nebit ýataklaryna barmaklary tötänleýin”


Sişenbe güni Eýranyň häkimiýetleri geçen hepdäniň ahyrynda Eýranyň harbylarynyň Yrakdaky dawaly nebit ýataklarynyň ýerleşýän ýerine barmaklaryny “tötänleýin ýüze çykan düşünişmezlik” diýip häsiýetlendirdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Ramin Mehmanparast bu bolan waka boýunça Eýran bilen Yragyň daşary işler ministrleriniň telefon gürrüňdeşliklerinde özara düşünişendiklerini mälim etdi.

Bu bolan wakada Yragyň resmileri geçen hepdäniň anna güni ýurduň territoriýasyndaky Al-Fakka atly nebit ýatagynyň territoriýasyna Eýranyň harbylarynyň hiç hili duýduryşsyz barandyklaryny we ýekşenbe güni hem bu territoriýany terk edendiklerini habar berdiler.

Eýranyň serhet gullugynyň bir resmisi bolsa, eýranly harbylaryň bu iki ýurduň serhet ýakasyndaky dawaly ýerlerde dikilen germewleri aýyrmak üçin ol ýere barandyklaryny aýtdy.
XS
SM
MD
LG