Sepleriň elýeterliligi

«Arkaçgurluşygyň» işçileri rugsada ugradyldy


Aşgabadyň «Arkaçgurluşyk» gurluşyk kärhanasynyň kerpiç öndüriji sehi öz işçilerini iki aýlyk möhlet bilen tölegsiz rugsada ugratdy. Ýagny, işçiler hiç hili aýlyk almazdan, iki aýlap dynç alarlar.

«Arkaçgurluşyk» önümçilik kärhanasy Aşgabat şäherinde gurluşyk işlerini alyp barýar. Öýleri ýykylyp, jaý almaga degişli hasaplanýan hojalyga «Arkaçgurluşyk» önümçilik kärhanasynyň gurýan jaýlaryndan berilýär.

Kärhananyň pul üpjünçiligi örän kyn. «Iki ýarym million manat berýäris» diýip işe alsalar-da, işçilere zordan iki million manat aýlyk tölenýär. Ony hem bölek-büçek edip berýärler.

Jaý gurujylara wagtynda aýlyk berilmeýär. Şeýle bolansoň, gurluşykçylar mydama gurluşykda ulanylmaly sementleri ogurlap satyp, özlerine sowalga edinýärler. Bu ýagdaý gurulýan jaýlaryň hiliniň örän pes bolmagyna alyp barýar.

Ýöne şeýle pes hilli jaýlar hem halka elýeterli däl. «Arkaçgurluşyk» önümçilik kärhanasynyň çölüň içinde, «Çoganly» posýologynda gurýan dört otagly kottej tipli jaýlarynyň bahasy elli-altmyş müň dollara barýar. Ol jaýlary satyn almaga güzeranyny zordan dolaýan halkda pul ýeterlik däl. Şeýle bolansoň, halkyň aglaba böleginiň jaýsyzlygyna seretmezden, «Arkaçgurluşyk» önümçilik kärhanasynyň gurýan pes hilli jaýlary-da boş dur.

Hojalyk hasaplaşygynda bolansoň, «Arkaçgurluşyk» önümçilik kärhanasynyň gurýan jaýlaryna pullaryň wagtynda geçirilmezligi işgärlere aýlyk bermek meselesinde bökdençlikleri döredýär. Şu sebäpden bu önümçilik kärhanasy özüniň işgärlerini wagtal-wagtal iki aýlyk tölegsiz rugsada ibermäge mejbur bolýar.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG