Sepleriň elýeterliligi

Amerikaly biznesmenler Demirgazyk Koreýany ýadro programmany togtatmaga çagyrdy


Şu aý Demirgazyk Koreýada bolan ençeme amerikaly biznesmenler şol ýurduň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklary barada maglumat berdiler.

Biznesmenleriň aýtmagyna görä, şol gepleşiklerde olar Pheňýan daşary ýurt maýasyny çekmek isleýän bolsa, öz ýadro programmasyny ýatyrmalydygyny olara aýdanlyklaryny mälim etdiler.

Gaty seýrek amala aşyrylýan şeýle sapar özüni aşa üzňeleşdiren Demirgazyk Koreýanyň kommunist režimi tarapyndan iberilen çakylyk esasynda amala aşyryldy.
XS
SM
MD
LG