Sepleriň elýeterliligi

Eýranda tussag edilen amerikalylar barada derňew işleri dowam etdirilýär


Eýranda içalyçylykda aýyplanyp tussag edilen Amerikanyň 3 raýaty bilen bagly derňew işleriniň henizem dowam etdirilýänligini eýranly prokuror habar berdi.

Eýranyň ISNA habar agentliginiň maglumatyna görä, ady agzalýan prokuror Abbas Jafari Döwletabadi şol wakanyň Amerikada tussag edilen 11 Eýranlynyň ykbaly bilen hem ilteşiginiň bardygyny aýdypdyr.

Mälim bolşuna görä, Tähran şu aýyň başlarynda Eýranyň 11 raýatynyň, şol sanda Saud Arabystanda ýitirim bolan alym bilen bir hatarda Türkiýede gürüm-jürüm bolan we Goranmak ministrliginiň öňki işgäriniň Amerikanyň türmelerinde saklanýanlygyna özleriniň ynanýanlygyny aýdypdy.

Döwlet departamenti Eýranyň bu aýyplamasy barada hiç hili reaksiýa görkezmedi. Emma Eýranda tussag edilen amerikalylaryň gezelenç edýän turistlerdigini we olaryň Tährana hiç hili howp abandyrmaýanlygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG