Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň oppozision lideri hökümet tarapyndan maliýeleşdirilýän wezipesinden çetleşdirildi


Eýranyň oppozision partiýasynyň lideri Mir Husseýin Musawi hökümet tarapyndan maliýeleşdirilýän iň soňky wezipesi bolan Çeperçilik akademiýasynyň ýolbaşçysy wezipesinden hem uzaklaşdyryldy.

Eýranyň Fars habar agentligi “Medeni Rewolýusiýa boýunça Ýokary Geňeşiniň” agzasy Mohammed Mohamadiýana salgylanyp çap eden habarynda, geňeşiň agzalarynyň Musawini wezipesinden boşadanlygyny habar berdi.

Öňki premýer-ministr hem bolan Musawi bu akademiýanyň 1999-njy ýylda düýbiniň tutulmagyndan bäri ýolbaşçysy wezipesini berjaý edip gelýärdi.

Mälim bolşuna görä, bu geňeşe prezident Ahmedinejad ýolbaşçylyk edýär.

Çeperçilik akademiýasy hökümet tarapyndan maliýeleşdirilýän gurama bolup, ol prezidentiň edarasyna degişlidir.
XS
SM
MD
LG