Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Tanymal özbek ýazyjy aradan çykdy


Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň maglumatyna görä, tanymal özbegistanly ýazyjy Odil Ýakobow 83 ýaşynda paýtagt Täşkentdäki öýünde aradan çykdy.

Ol ençeme kitabyň awtory we Özbegistanyň ýazyjylar bileleşiginiň we hökümetiň eýeçiligindäki kinostudionyň öňki ýolbaşçysy bolup, ol Özbegistanyň edebiýat we sungat gazetiniň redaktory wezipesini hem berjaý edipdi.

Ol mundan iki hepde ozal keselhana ýerleşdirilipdir.

Tanymal özbegistanly ýazyjy we dissident Şukrilla Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda, Ýakobowyň ölümi bilen dünýä edebiýatynyň uly bir ýazyjydan mahrum bolanlygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG