Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fridman: "Tankyda, sagdyn bäsleşige ýol bermeli"


Aşgabatda ÝHHG tarapyndan gurnalan oba-hojalyk pudagy boýunça seminar, 16-njy aprel, 2009-njy ýyl.
Aşgabatda ÝHHG tarapyndan gurnalan oba-hojalyk pudagy boýunça seminar, 16-njy aprel, 2009-njy ýyl.

Postsowet giňişliginde Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary boýunça bilermen, ykdysatçy, Moskwanyň Lomonosow adyndaky Döwlet Uniwersitetiniň Aziýa we Afrika ýurtlarynyň ykdysadyýeti boýunça kafedrasynyň professory Leonid Abramowiç Fridman bilen Azatlyk Radiosyndan Altyn Amandurdy gyzy söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda geçip barýan ýylda edilen işlere nähili baha berip bilersiňiz?

L.A. Fridman: Ilki bilen Türkmenistanyň hemme ýaşayjylaryna iň gowy arzuwlarymy aýdasym gelýär. Türkmenistanlylar has gowy şertlerde, has erkin ýaşamaga mynasyp diýip hasaplaýaryn. Ykdysadyýetde edilen işler baradaky meselä geçsek, köp spesialistler Türkmenistanda reformalaryň geçirilmelidigine gowy düşünýärler. Ýöne bu meselede hem bir zady aýdasym gelýär. Reformalary gijikdirip geçirmek hem howply, olaryň geçirilmegi babatda howlukmaly hem däldir.

Mysal üçin, ýakynda iň tanymal ykdysatçylaryň biri Timur Ýegorowiç Gaýdar aradan çykdy. Men oň bilen duşuşamda, “Siz Orsýetde şok terapiýasyny belli bir plana görä geçirdiňizmi?” diýen sowal bilen ýüzlendim. Ol maňa “Leonid Abramowiç, nähili plan barada gürrüň edýärsiňiz? Ýurdta açlygyň emele gelmek howpy abanýardy. Hazyna bolsa boşdy. Bizde bahalary goýbermekden başga çykalga ýokdy” diýip, maňa jogap berdi.

Türkmenistan hem bazar ykdysadyýetine geçiş döwri başdan geçirýär.Türkmenistanda Orsýetde bolan ýagdaýyň ýokdugyna şükür etmeli. Türkmenistanyň ätiýaçlyklary köp. Şol ätiýaçlyklary netijeli ulanyp, ýurtda ykdysadyýeti dürlileşdirmek mümkinçiligi bar. Bu ugurda käbir edilen işler hem bar. Mysal üçin, indi Türkmenistan öz gazyny diňe bir gazgeçirijisi arkaly däl-de, dürli gazgeçirijiler bilen birnäçe ýurda satmak mümkinçiligine eýe boldy. Bu, elbetde, öňe ädilen uly ädimdir.

Azatlyk Radiosy: Leonid Abramowiç, siz ykdysadyýetiň dürlileşdirilmegi barada gürrüň etdiňiz. Emma Türkmenistanyň ykdysadyýeti öň hem gazyň söwdasynda daýanýardy, häzirem esasan gazdan gelýän girdejiniň hasabyna ýaşaýar. Ýagny, häzirlikçe dürlileşdirmek meselesi ykdysadyýete däl-de, gazgeçirijilere degişli bolup durýar. Ykdysadýetde diwersifikasiýa etmek üçin näme gerek?

L.A. Fridman:
Spesialistler gerek. Öz watanyna hyzmat etmek isleýan güýçli hünärmenler zerur. Professional, işini bilýän adamlaryň toparyny düzmeli. Şeýle professionallar bolmasa, reformalary geçirmek gaty kyn bolar.

Şeýle bilermenler bilen dünýa ykdysadyýetine utgaşmak zerur. Emma şeýle integrasiýa prosesi hem tapgyrlaýyn geçirilmeli. Hawa, men bu sözden gorkmaýaryn. Elbetde, bu işi gijikdirmeli däl, emma wagtyndan öň hem bu prosese başlamaly däl. Ýurduň içinde walýutanyň kursuny erkine goýbermeli, oňa hökümet tarapyndan gözegçilik etmeli däl. Ýöne bu proses hem ýuwaş-ýuwaş geçirilmeli. Beýleki ýurtlaryň ýaramaz tejribelerini göz öňünde tutup, şol ýurtlaryň eden ýalňyşlyklaryny gaýtalaman, bu prosesi geçirmeli.

Ykdysadyýetiň diwersifikasiýasy, dürlüleşmegi zerur. Ykdysadyýetiň monopoliýasy, ýagny diňe hökümetiň gözegçiliginde bolmagy gaty howply. Oba hojalygynyň suwaryş desgalaryny döwrebaplaşdyrmaly, ekin ýerleriniň hilini gowulandyrmak ugrunda iş alyp barmaly. Bu gaty möhüm mesele. Elbetde, 1990-njy ýyllaryň başynda Orsýetde bolan ýagdaý Türkmenistanda gaýtalanmaz, öň aýdyşym ýaly, şeýle krizisiň öňüni almak üçin, yurduň maliýe mümkinçilikleri bar. Emma Türkmenistanda beýleki ýyti problemalar az däl. Ýöne olary ýaşyryn saklamak howpludyr.

Azatlyk Radiosy: Şol kynçylyklar näme bilen bagly? Olary çözmek üçin näme etmeli?

L.A. Fridman: Ykdysadyýetiň liberallaşdyrylmagy bilen bir hatarda ilatyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynyň demokratiýalaşdyrylmagy zerur. Ýagny, jemgyýete has köp erkinlik bermeli. Tankyda, sagdyn bäsleşige ýol bermeli. Korrupsiýa garşy göreşmeli. Korrupsiýa islendik jemgyýetde bar. Emma korrupsiýanyň ykdysadyýete gaty ýaramaz täsir edýändigini unutman, oňa garşy göreşmeli. Hususy eýeçiligi ösdürmeli. Ýapyk jemgyýet bolsa, adamlar özlerini erkin duýmasa, hususy pudak hem köp ösmez. Ýene-de bu meseleleri hem howlukman çözmeli. Öň aýdyşym ýaly, gijä galmak hem bolmaýar.

Azatlyk Radiosy: Käbir synçylaryň pikirlerine görä, türkmen häkimiýetleri şol reformalary geçirmekde biraz yza galýarlar. Siz bu barada näme pikir edýärsiňiz?


L.A. Fridman: Syýasy reformalaryň geçirilişi barada aýtsam, bu ugurda has köp iş edilip bilnerdi diýesim gelýär.

Türkmen ykdysadyýetini dünýä ykdysadyýetine utgaşdyrmak meselesinde hem has köp iş edip bolardy. Emma, hakykatyň hatyrasyna aýtsam, şu çaka çenli edilen işlerem hormat goýulmagyna hem ykrar edilmegine mynasyp. Indi bolsa esasy zat, yza gaýtman diňe öňe gitmelidir. Häzir global taýdan ýüze çykan ykdysady krizis hem köp ýurtlara reforma geçirmäge itergi berýär.

Azatlyk Radiosy: Leonid Abramowiç, siz hususy pudagyň ösdürilmegi barada gürrüň etdiňiz. Mysal üçin, Türkmenistanyň oba hojalygynda daýhanlara öndüren harydyny satmak meselesinde erkinlik berilmeýär. Ýagny, öndürilen önümler hökümet kärhanalary tarapyndan satyn alynýar. Müňa nähili garaýarsyňyz?

L.A. Fridman: Öňki sistemanyň netije bermändigi anyk. Şonuň üçin hökümet tarapyndan gurnalýan dürli daýhançylyk bileleşikleriniň ýerine hususy eýeçilige degişli maşgala hojalyklaryň we beýleki hojalyklaryň döremegine ýol bermeli. Iň bolmanda Hytaýyň tejribesi boýunça hereket edip bolar. Ýöne bahalar meselesinde käbir halatda oba hojalyk önümleriň bahasyny hökümet sazlaşdyrmaly bolar. Emeli usul bilen ýokardan berilýän görkezme boýunça bahalary bellemeli däl-de, olary sazlaşdyrmaly bolar. Şony nygtasym gelýär.

Azatlyk Radiosy: Leonid Abramowiç, siz Hytaýyň tejribesini agzap geçdiňiz. Oba hojalyk önümleriniň bahalaryny sazlaşdyrmak meselesinde beýleki goňşy ýurtlaryň tejribesine göz aýlasak, mysal üçin, Gazagystanda daýhanlaryň öndüren gallasyny, uny üwemek bilen meşgullanýan iri hususy kompaniýalar özara ylalaşyp, pes baha bilen satyn alyp başlanlarynda, hökümet öz un üweýän iri degirmenini gurup, daýhanlaryň önumlerini belli bir kesgitlenen bahadan pes satyn almajakdygyny yglan etdi.

Şeýlelikde daýhan öz öndüren gallasyny hökümet kärhanasyna satyp bolýandygyny bilip, hususy kompaniýalar üçin öz önümininiň bahasyny galdyryp başlady. Şeýdip, hökümet göni gözrkezme boýunça däl-de, bazar ykdysadyýetiniň düzgünine görä goşulyşyp, bahalaryň sazlaşmagyna täsir etdi.

Ýewropa ýurtlarynda bolsa monopoliýa garşy guramalar bar. Mysal üçin, bir gezek, iri dükanlar zynjyrynyň ýeleri özara ylalaşyp, uny gaty pes bahadan satyn alyp başlanlarynda, un üweýän hususy kärhanalar monopoliýa garşy edara ýüzlendiler. Bu edara şikaýata garap, şol iri kärhanalara şeýle bir agyr jerime saldy welin, şondan soň ýaňky dükanlar beýle işe baş goşmakdan çekindiler. Ýagny, bazar ykdysadyýetinde hem telekeçileri biri-birinden goraýan mehanizimleriň bolmalydygyny, olaryň hökümet tarapyndan döredilmelidigini ykdysatçylaryň köpüsi aýdýarlar. Has-da häzir ýüze çykan ykdysady krizis, bazar ykdysadyýetiniň hem sazlaşdyrylmalydygyny subut etdi. Siz bu barada näme pikir edýärsiňiz?

L.A. Fridman: Hawa, goňşy ýurtlaryň tejribesini göz öňünde tutup, şeýle mehanizmleri döredip bolýar. Her bir ykdysadyýete basleşik gerek. Monopoliýa gaty howply. Şol monopoliýa hökümete degişlimi ýa-da iri kompaniýalara, haýsy bolanda-da, monopoliýa gaty howply. Türkmenistanyň ýagdaýynda häzir ur-tut bazar ykdysadyýetine geçilse, dürli basyşlardan ýadan adamlar erkinligi islär. Emma wagt geçensoň, bir ownuk kärendeçiniň iri kompaniýalaryň öňünde durup bilmejegi düşnükli bolar. Şonda kärendeçiler meýletin birikmek islärler. Hökümet bolsa olary monopolistlerden goramak üçin mehanizmleri işläp düzmeli bolar. Bu, elbetde, gaty kyn, çylşyrymly, köp wagty talap edýän ýol, ýöne bu ýeke-täk dogry ýoldur.

Men siziň radioňyzda berilýän pikirleri häkimiýet başyndakylara, ýurtdaky bilermenlere diňlemegi maslahat bererdim. Şol pikirlerden olar özleri üçin gowy netije çykaryp bilerdiler. Ýöne şu zatlary etmek üçin, ýene-de hökmany suratda bilimli, sowatly kadrlar gerek! Türkmenistanyň esasy resurslaryny ýaşlaryň düşünjelerini ösdürmek, bilimini artyrmak meselesine gönükdirmeli. Özem gazanylýan netijeleriň az däldigine garamazdan, diňe öňe, öňe gidip, aşa howlukman, ýöne gijä-de galman, netije berýän reformalary geçirmeli. Diňe şol reformalaryň netije berýändigine gözi ýeten ilatda ynam peýda bolar.
XS
SM
MD
LG