Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen-rus hyzmatdaşlygy: “Nabukko” töwekgelçilikdemi?


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) we Orsýetiň prezidenti Dimitriý Medwedew türkmen-rus mekdebiniň açylyş dabarasynda, 22-nji dekabr, 2009-njy ýyl.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) we Orsýetiň prezidenti Dimitriý Medwedew türkmen-rus mekdebiniň açylyş dabarasynda, 22-nji dekabr, 2009-njy ýyl.

22-nji dekabrda Türkmenistan we Orsyýet energetika we maşyn gurluşygy urgurynda hyzmatdaşlygyny giňeltmek barada ylalaşyga gol goýdular.

Aşgabatdaky gepleşikleriň çäginde “Türkmengaz” we “Gazprom” türkmen gazynyň söwdasy barada özara şertnama üýtgetmelere hem goşmaçalara gol çekdiler. Baglaşylan ylalşyklara ýurtlaryň bilelikde işleşmeginiň ugurlaryny takyklaşdyrmak boýunça “möhüm ädim” diýip, resmi derejede baha berildi.

Aşgabatda Türkmenistanyň we Orsýetiň prezidentleri arasynda gelnen ylalaşyklara görä, 2010-njy ýylda “Gazprom” Türkmenistandan 30 milliard kubometr gazy satyn alar. Gaz 1-10-njy ýanwar aralygynda akdyrylyp başlanar.

Resmi maglumatlara görä, Türkmenistanyň gaz geçiriji sistemalaryny birleşdiriji “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilmegine “Gazpromyň” gatnaşmagy barada hem taraplar arasynda ylalaşyldy.

Aşgabat gaz eksport derejesini dikeltdi


Käbir maglumatlarda ýakynda Hytaýa tarap turbany işe girizip, Eýrana tarap hem täze turbany açmaga taýýarlanýan Aşgabadyň Orsýet bilen baglaşan ylalaşyklary arkaly ýurduň gaz eksportynyň balansyny dikeltmegi başaranlygy bellenilýär. Emma munuň bilen birlikde Türkmenistanyň “Nabukko” proýektine ünsüni gowşatmagynyň ähtimaldygyny “Trend” internet neşiri belledi. ,

Maglumatda aýdylyşyna görä, Hazar regionynyň gazyny Ýewropa Bileleşigine akdyrmak boýunça bahasy 7,9 milliard ýewrolyk “Nabukko” babatynda öz planlaryny Aşgabat ilkinji gezek Orsýet bilen gaz konfliktiniň gyzgalaňly döwründe mälim edipdi.

Türkmen gazy Orsýete näme üçin gerek?

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň energiýa meseleleri boýunça bilermeni Brýus Pannieriň pikirine görä, soňky döwürde krizis sebäpli öz gazyny satmakda-da kynçylyk çekýän Orsýete türkmen gazy onçakly gerek däl. Bilermeniň pikirine görä, Moskwanyň Aşgabat bilen soňky ylalaşygy Kremliň türkmen gazynyň özüne elýeterli bolmagynyň mümkinçiligini ýitirmejek bolýanlygyny we “Gazpromyň” Türkmenistanda uzak möhletleýin ornaşmagyny isleýänligini görkrezýär.

“Orsýetiň ”Gazprom” kompaniýasynyň “Nabukkonyň” gurluşygyna özüniň “Günorta Akym” proýektine bäsdeş hökmünde garaýanlygy hiç kim üçin syr däl. Bu “Gazpromyň” Türkmenistanda ornaşmak kararyna gelmeginiň sebäpleriniň biri bolup biler. Sebäbi Orsýet türkmen gazyny satyn almak bilen öz gazynyň esasy hyrydary bolan Ýewropanyň bazarlaryna gazy göni akdyrmagy göz öňünde tutýan “Nabukko” proýektiniň ähmiýetini gaçyrmak isleýän bolmagy mümkin” diýip, Brýus Pannier aýtdy.

“Nabukkonyň” geljegine berip biljek täsiri

Käbir synçylar türkmen-orsýet gas hyzmatdaşlygynyň Türkmenistanyň “Nabukko” degişli planlaryna ýetirip biljek täsiriniň taraplar arasynda gelnen ylalaşykda göz öňünde tutulýan şertlere baglydygyny belleýärler.

Energiýa meseleleri boýunça rumyniýaly bilermen Dan Sucio köpçüligiň dykgatyna ýetirilen maglumatlaryň çäklidigini bellemek bilen türkmen-ors strategik hyzmatdaşlygy baradaky ylalaşygyň beýleki proýektlere, şol sanda “Nabukko” proýektiniň geljegine ýetirip biljek täsiriniň häzirlikçe kesgitsiz galýanlygyny belledi: “Nabukko” proýekti o diýen üstünlikli alnyp barylmaýar. Şonuň üçin Türkmenistanyň beýleki taraplar bilen ylalaşyk baglaşmak isleýänligi düşnükli. Emma mesele Türkmenistanyň “Gazprom” bilen baglaşýan ylalaşyklarynda”.
Nabukko proýekti o diýen üstünlikli alnyp barylmaýar. Şonuň üçin Türkmenistanyň beýleki taraplar bilen ylalaşyk baglaşmak isleýänligi düşnükli.


Dan Sucionyň pikirine görä, “Nabukko” ýaly proýektleriň geljegine Türkemenistanyň Orsýet bilen baglaşan ylalaşygynyň mazmuny we has takygy ylalaşykda göz öňünde tutulan düzgünleri täsir ýetirip biler.

Şol bir wagta-da Orsýet bilen baglaşylan şertnamalarda Türkmenistanyň beýleki taraplar bilen hyzmatdaşlygyny çäklendirýän düzgünler göz öňünde tutulmadyk bolsa, Türkmenistanyň häzirki herektleri ýurduň pursatdan peýdalanýanlygyny aňladyp, ýurduň gyzyklanma bildirýän beýleki proýketler, şol sanda “Nabukko” boýunça planlaryna täsir ýetirip bilmez diýip, Dan Sucio Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

Orsýetiň prezidenti D.Medwedewiň Aşgabada sapary Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň açylmagynyň yz ýany boldy. 14-nji dekabrda Hytaýa tarap turbany işe girizen Türkmenistan ýakyn günlerde Eýrana tarap hem täze gaz geçirijini açmaga taýýarlanýar. Eýrana akdyrylýan gazyň mukdaryny ýylda 20 milliard kubometre ýetirmäge mümkinçilik berýän täze gaz geçirijisiniň şu ýylyň aýagyna çenli açyljagy habar berildi.

Aşgabadyň täze gaz geçirijileri babatyndaky pozisiýasy

Türkmenistan özüniň bu täze gaz geçirijilerini açmagynyň ýurduň eksport marşrutlarynyň ugurlaryny üýtgetmek staretegiýasynyň netijesi bolup durýanlygyny we syýasy sebäpler bilen bagly däldigini aýdýar. Bu barada 18-nji dekabrda Turkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasynda geçiren metbugat konferensiýasynda Türkmenistanyň Orsýetdäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Halnazar Agahanow aýtdy.

Emma Agahanow Türkmenistanyň diwersifikasiýa kursunyň, Türkmenistan-Gazagystan-Orsýet proýketiniň dumuşa geçiriljegine hem şübhe döretmeýänligini belledi. Bu barada “Turkmenistan.ru” internet gazeti ýazdy.

Öz nobatynda Orsýetiň Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň açylmagyny makullaýanlygy we goldaýanlygy hem habar berildi. “Biz şeýle proýektleri goldaýarys”, “Orsyýet özbaşdak we beýleki partnýorlary bilen bilelikde energiýa göterijileriniň akdyrylmagy boýunça infrastrukturany giňeltmek ugrunda iş alyp barýar” diýip, “RIA Nowosti” agentligi Orsýetiň wise-premýeri Igor Şuwalowyň ýakyn günlerde aýdanlygyny ýazýar.

22-nji dekabrda Aşgabatda gol çekilen dokumentleriň çäginde Turkmenistanyň “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisiniň gurluşygyna “Gazpromyň” goşulmagynyň Orsýet üçin iň uly üstünlik bolanlygyny “Gazeta.ru” internet neşri belledi. Maglumatda “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisi soňky onýyllygyň iň uly proýekti diýlip atlandyryldy.

“Gazprom” kompaniýasynyň resmi maglumatyna görä, Aşgabatdaky gepleşiklerde taraplar “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisini bilelikde amala aşyrmak barada ylalaşyga geldiler. Taraplar özara gatnaşyklarynyň konstruktiw häsiýetini bellediler. “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisi Türkmenistanyň gaz-transport sistemasynyň birleşdiriji bölegi bolup, türkmen gazynyň durli ugurlara akdyrylmagyna mümkinçilik berer.

“Gündogar-Günbatar” proýektine “Gazpromyň” gatnaşmagy Aşgabadyň eksport planlaryna nähili täsir ýetirip biler? Brýus Paniýer “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisiniň gurluşygyna “Gazpromyň” gatnaşmagy Türkmenistanyň gaz serişdeleriniň özi üçin elýeterli bolmagyny isleýän Orsýet üçin uly üstünlik bolup durýanlygyny belledi. Emma ekspert “Gazpromyň” Türkmenistanyň planlaryna päsgelçilik döredip biljegine şübheli garaýanlygyny aýdyp, öz pikirini “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisinden ugur alýan gaz ýataklaryny Türkmenistanyň entek hiç kime wada bermänligi bilen düşündirdi.
XS
SM
MD
LG