Sepleriň elýeterliligi

Hytaýly dissident sud edilýär


Hytaýly dissident Liu Şiýaobaonyň sud edilýan ýerinde polisiýal lentasy, 23-nji dekabr, 2009-njy ýyl.

Hytaýly dissident Liu Şiýaobaonyň sud edilýan ýerinde polisiýal lentasy, 23-nji dekabr, 2009-njy ýyl.

Pekinde şu gün Hytaýyň tanymal dissidenti, 1989-njy ýylda demokratiýa ugrunda Tiananmen meýdanynda geçen protestleriň weterany Liu Şiýaobaonyň üstünden sud başlandy.

Ol adamlary döwleti agdarmaklyga çagyranlykda aýplanylýar. Günäli tapylan ýagdaýynda 53 ýaşly ýazyjy, öňki uniwersitet professorynyň 15 ýyl türme tussaglygyna höküm edilmegi mümkin.

Bu günki proses diňe iki sagat ýaryma çekdi. Suduň üstümizdäki hepdede karar çykarmagyna garaşylýar. Liu 1989-njy ýylda demokratiýa ugrunda geçen protestlerde oýnan roly sebäpli geçen birnäçe ýyly türmäniň kä içinde, kä daşynda käte-de öý tussaglygynda geçirdi. Ol öten ýyl ”Hartiýa 08” diýip atlandyrylýan petisiýany ýazmaklyga gatnaşanlygy sebäpli ýene tussag edildi. Bu petisiýada Hytaýyň ýeke kommunistik partiýaly düzgüniniň reformirlenmegi, adam hukuklarynyň goralmagy talap edilýär.

Ilki 300 töweregi adam tarapyndan gol çekilen ”Hartiýa 08” Adam Hukuklarynyň Ählumumy Jarnamasynyň 60 ýyllygy mynasybetli 10-njy dekabarda neşir edildi. Petisiýanyň tarapdarlary oňa gol çekenleriň sanynyň indi on müňden geçenligini aýdýarlar.

Liunyň suduň öňünde dikilmegi syýasy sebäpli diýip, günbatar ýurtlarynyň aglabasy hem-de adam hukuklary toparlary bu sud prosesini ýiti tankytladylar. Birleşen Ştatlar we Ýewropa Bileleşigi Hytaý hökümetini dissidenti aradan salym geçirmän boşatmaklygya çagyrdylar. Hytaý häkimiýetleri hem bu tankydy Pekiniň içerki işlerine gatyşmak diýip, ret etdiler.

Birleşen Ştatlaryň ilçisi Gregory Maý sud jaýynyň daşynda okan beýannamasynda Waşingtonyň tutumyny ýene bir gezek gaýtalady: “Pekiniň birinji orta halk sudunyň Liu Şiýaobao baradaky sud prosesini alyp barmagy amerikan hökümetini gaty aladalandyrýar. Jenap Liu Hytaýda demokratik prosesleri ýola goýmak üçin parahatçylykly iş alyp baran meşhur aktiwist. Biziň elimizdäki we hemmelere elýeterli subutnamalar boýunça onuň kanun taýdan yzarlanmagyna sebäp bolan – ”Hartiýa 08-e” gol çekenligi. Onda hem adam hukuklarynyň hormatlanmagyna we demokratik reformalara çagyrylýar”.

Polis güýçleriniň bardygyna garamazdan, Liunyň tarapdarlary suduň daşyna üýşüp, onuň boşadylmagyny talap etdiler. Olar: “Biz söz azatlygyny isleýäris. Biziň gahrymanymyz günäsiz. Biz Şiýaobaony goldaýarys” diýip gygyryşdylar.

Adam hukuklaryny goraýan toparlar Hytaý häkimiýetleriniň döwleti agdarmak baradaky esassyz aýplamalary dissidentleriň we hökümeti tankytlaýanlaryň garşysyna häli-şindi ulanýandygyny aýdýarlar.

Hytaýda şu wagta çenli sud edilen dissidentleriň ählisi diýen ýaly günäli tapyldy. Liunyň aýaly hem nähili hem bolsa, özüniň sud prosesiniň adalatly geçjeginden umydynyň ýoklugyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG