Sepleriň elýeterliligi

Täsin analizler


- Damagyň-a galmandyr, kän gorkuly zat ýok ýaly-la...(“Tokmak” žurnalynyň 1987-nji ýylyň 7-nji iýulynda çykan sanyndaky karikatura. Awtor: W.Ýan)

- Damagyň-a galmandyr, kän gorkuly zat ýok ýaly-la...(“Tokmak” žurnalynyň 1987-nji ýylyň 7-nji iýulynda çykan sanyndaky karikatura. Awtor: W.Ýan)

Türkmenistanyň poliklinikalarynda hem-de keselhanalarynda näsaglara gerekmejek analizler tabşyrdylýar. Mysal üçin, çagasy aldygyna üsgürip hem gyzdyryp duran enäniň hut özüni-de ençeme analiz tabşyrmaga mejbur edýärler.

Çagasy ýaramasa-da, ene damardan, barmakdan gan bermeli, aýal ugrundan barlanmaly. Ýüregini, gan basyşyny barlatmaly. Rentgenden geçmeli.

«Men-ä siziň ýanyňyza çagam üçin däri-derman ýazyp beräýseňiz diýip gelýän. Siz bolsaňyz, meni barlajak bolýaňyz. Ýa-ha siz maňa düşünmediňiz, ýa-da men size düşünemok. Ýa siz adam oýnajak bolýaňyzmy?» diýip, poliklinikadakylaryň tekliplerine gahary gelip, lukmanlar bilen sögüşmäge taýýarlanýanlar-da az bolanok.

Kä bir sadaraklar bolsa, lukmanlaryň «Tabşyr» diýen analizlerini gerekmejek bolsa-da, sadalyk bilen tabşyrýarlar. «Geç» diýen ýerlerinden geçýärler. Gaharlanýan eneler hernäçe gaharlansalar-da, maşgala lukmany birnäçe kagyzlara analiz baryny ýazyp, olary çagasy ýaramaýan enelere berýärler.

Maşgala lukmanlary üçin eneleriň-de, başgalaryň-da gohy täzelik däl. Olar beýle gohlar bilen her gün ýüzbe-ýüz bolýarlar, hatda beýle goha her gün onlarça sapar gabat gelýärler. Olar her gün öz gabadynda goh edýän näsaglara şol bir zady aýdýarlar: «Şu diýlen analizleri tabşyrmasaňyz, näsaglyk listem bolmaz, em etme-de. Bize-de tabşyryk şeýle».

Has gohçulrak adamlara ýazlyp berlen gerekmejek analizleri tabşyrmasa-da bolýandygyny, ýöne, hamala analiz tabşyrýan ýaly edip, buhgalteriýa puluny tölemelidigini düşündirýärler.

Gitjek ýeriň nire?!

Çagasy ýaramaýan ene ýatgydan analiz tabşyrmaly. Böwregiň agyrsa, ýüregiňi-de barlatmaly. Adamlar gerekmejek ötüklerden ötmeseler-de, «ötdüm» diýip, poliklinikalaryň buhgalteriýasyna pul töleýärler, analizleri tabşyrmasalar-da, «tabşyrdyk» diýip töleýärler. Dagy gidere ýer bolmasa, näme etjek!

Analizler diýseň gülkünç. Gözüňi barlatmak üçin hökman dişiňi-de görkezmeli. Rentgenden geçmeseler-de, «geçdik» diýip, pul töleýärler. Sebäbi lukmanlara-da buýruk şeýle. Plan dolmaly. Olar-da özlerini ödemek üçin pul ýygnamaly. Şonuň üçin näsaglap, saglyk öýlerine - poliklinikalara boýnuny uzadan näsagy gereg-u-gerekmejek analizleriň ählisini tabşyrmaga mejbur edýärler. Poliklinikalar üçin kassa pul düşse bolýar.

Şeýle ýagdaýlar Türkmenistanyň saglyk öýleriniň ählisinde günüň-güni bolup durýar.

Şu blogda öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG