Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Montazeriniň tarapdarlary howpsuzlyk güýçleri bilen çaknyşdylar


Ýakynda aradan çykan eýranly tanymal reformaçy ruhany Aýatolla Husseýin Aly Montazeriniň nobatdaky ýas üýşmeleňine ýygnanan onuň tarapdarlary çarşenbe güni howpsuzlyk güýçleri bilen çaknyşdylar.

Eýranyň oppozision internet saýtlarynyň hem-de gözli şaýatlaryň habar bermeklerine görä, bu waka Eýranyň merkezindäki Ysfyhan şäherinde ýüz beripdir.

Wakada ençeme adamyň tussag edilendigi hem habar berilýär.

Geçen ýekşenbe güni aradan çykan Aýatolla Husseýin Aly Montazeri Eýran Yslam rewolýusiýasynyň esasy liderlerinden biri hasaplanylýar.

Ol soňky ýyllar Eýranyň häzirki konserwatiw häkimiýetini ýiti tankytlap gelipdi.
XS
SM
MD
LG