Sepleriň elýeterliligi

Azerbaýjanyň ähli şäher Geňeşlerine saýlawlar geçirildi


Çarşenbe güni Azerbaýjanyň ähli şäher Geňeşlerine saýlawlar geçirildi.

Köp synçylar bu saýlawlarda hem prezident Ylham Alyýewiň häkimiýetini berkitjek netijeleriň bolmagyna garyşylýandygyny aýdýarlar.

Saýlawlarda Ylham Alyýewiň «Ýeni Azerbaýjan» partiýasyndan 17 müňden hem gowrak kandidat Geňeşlerdäki orunlara dalaş etdiler.

Deňeşdirmek üçin alsak, ähli beýleki partiýalardan gatnaşan dalaşgärleriň umumy sany bary-ýogy 2.5 müň töweregi.

Azerbaýjanyň oppozisiýa liderleri ýurduň häkimiýetlerini saýlawlarda döwletiň resurslaryny prezident Alyýewi goldamak we oppozisiýa tarapdarlaryna bolsa gysyş görkezmek üçin ulanýanlykda tankytlaýarlar.
XS
SM
MD
LG