Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Biznesmen Lebedewiň bikanun tussag edilendigi barada karar çykdy


Çarşenbe güni Orsýetiň Ýokary sudy 2003-nji ýylda tussag edilen orsýetli tanymal biznesmen Platon Lebedewiň bikanun esaslarda tussag edilendigi barada karar çykardy.

Ýokary suduň bu baradaky sud diňlenişigi Ynsan hukuklary baradaky Ýewropa sudunyň iki ýyl mundan ozal Platon Lebedewiň arzasyna garap, çykaran karary esasynda geçirildi.

2003-nji ýylda birmeňzeş aýyplamalarda diýen ýaly tussag edilen Platon Lebedýew bilen Mihail Hodorkowskiniň her biri salgyt galplyklarynda bildirilen günäler esasynda 8 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdiler.

Platon Lebedewiň aklawçylary Ýokary suduň bu günki çykaran kararyndan nähili netijelere garaşyp boljakdygy barada häzirlikçe anyk bir zat aýdyp bilmejekdiklerini mälim etdiler.
XS
SM
MD
LG