Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa Ysraýyly parahatçylygy ornaşdyrmak islemeýänlikde aýyplady


Siriýanyň prezidenti Başar-ul-Asad Ysraýyl bilen parahatçylyk boýunça geçirilýän gepleşikleriň togtanlygyny aýdyp, munuň sebäbi Ysraýylyň parahatçylygy gazanmak islemezlidigidir diýdi.

Ol bu barada eden çykyşynda, Ysraýylyň öňden şert goşmazdan gepleşikleriň geçirilmelidigi barada edýän talaby parahatçylyk boýunça başlanan bu prossesi ýatyrmakdan ybaratdy diýdi.

Ol bu pikirini Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Ärdogan bilen geçiren duşuşygyndan soňra, düýn Siriýanyň paýtagty Damaskda eden çykyşynda öňe sürdi.

Ysraýyl bilen Siriýanyň arasynda başlanan gepleşikler 2000-nji ýylda Ysraýyl 1967-nji ýylda basyp alan Golan daglyklaryndan çekilmeli diýlen Damaskyň talaby boýunça netijesiz tamamlanypdy.
XS
SM
MD
LG