Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropaly ýolbaşçy Orsýeti parahatçylyk boýunça ylalaşygy bozýanlykda aýyplady


Ýewropaly ýolbaşçy geçen ýyl Gürjüstan bilen Orsýetiň arasynda bolan çaknyşygy togtatmak boýunça Ýewropa tarapyndan hödürlenen teklibi Orsýetiň dolulygyna berjaý etmeýänligini aýtdy.

Ýewropa Bileleşiginiň regiondaky gözegçiler toparynyň ýolbaşçysy Hansjoerg Habere salgylanylyp çap edilen maglumatda, onuň Orsýetiň harbylarynyň geçen ýyl bolan şol çaknyşykdan öňki pozisiýalaryna dolanmanlygyny hem aýdanlygy mälim edilýär.

Ady agzalýan ýolbaşçy Ýewropa Bileleşiginiň gözegçilerine Günorta Osetiýa we Abhaziýa barmagyna-da Orsýetiň rugsat etmänligini aýtdy. Orsýet şol regionlary garaşsyz ýurtlar hökmünde ykrar edýär.

Geçen ýyl bolan şol çaknaşykdan soňra, Ýewropa Bileleşigi Abhaziýa bilen Günorta Osetiýanyň töweregine gözegçilik etmek üçin öz missiýasyny iberipdi.
XS
SM
MD
LG