Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Butyrka türmesiniň öňki tussagy gürrüň berýär


Moskwanyň sudynda aklanan Roman Popkow (sagda), 8-nji dekabr, 2005-nji ýyl.
Moskwanyň sudynda aklanan Roman Popkow (sagda), 8-nji dekabr, 2005-nji ýyl.

Geçen aý Orsýetiň Butyrka türmesinde orsýetli hukukçy Sergeý Magniskiniň öldürilmegi jemgyýetde türmedäki ýagdaýlar barada dürli disskusiýalaryň döremegine getirdi.

Orsýetde gadagan edilen Milli bolşewistik partiýasynyň Moskwadaky bölüminiň ýolbaşçysy Roman Popkow Butyrka türmesiniň deslapky tussaghanasynda iki ýyldan gowrak wagt saklandy. Ýakynda ol, özüniň bikanun tussag edilendigi barada Ýewropanyň ynsan hukuklary boýunça suduna şikaýat bilen ýuzlenip, şol sud prosesinde ýeňiş gazandy.

Suduň çykaran karary boýunça Orsýet häkimiýetleri öňa 5 müň ýewrodan ybarat serişde tölenmeli etdi. Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Rus gullugy Sergeý Popow bilen söhbetdeş boldy.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Butyrka türmesinde başyňyzdan geçen zatlar barada näme aýdyp bilersiňiz?

Roman Popkow: Men Butyrkada Sergeý Magnitskiniň saklanan ýeri 2-nji korpusda saklandym. Şol sebäpden hem hiç bir zat maňa nätanyş däl. Onuň türmede ýazan ýatlamalaryny okadym.

Men boşadylalym bäri hiç bir zat üýtgemändir. Bu korpus aslynda adamlary gynamak üçin göz öňünde tutulan korpus. Butyrka türmesinde kameralaryň köpüsi 20-25 adamlyk giň otaglar. Ýagdaý belli bir derejä çenli oňuşmazça däl. Ýöne 2-nji korpusda welin ençeme ýyllap hiç bir zat üýtgemändir. Şol öňki aýylganç şertler, 4-5 adamlyk kameralar. Bular aýratyn adamlar diýlip tanalýan – jenaýatçy başlyklar, syýasy tussaglar, gadagan edilen ”Milli-bolşewikler partiýasynyň” agzalary, indi hem görşümiz ýaly, söwdagärleriň saklanýan ýeri.

Olar adamlary bu ýere ýekeje maksat bilen dykýarlar. Ol hem olaryň erkini döwmek, saglygyna şikes ýetirmek üçin. 20-30 adam bilen bir otagda bolmak aňsadrak bolýar. Ol ýerde adamlar birek-biregi goldaýarlar. 2-nji korpusdakylar welin, sany birküçden geçmeýän ejiz adamlar.

Moskwanyň merkezi tussaghanasynda bendilere gysyş görkezmek üçin ýörite korpuslar bar. Bu ol adamlary saklara başga ýer ýok diýildigi däl. 2-nji korpusa ilkinji bolup düşenler Milli-bolşewiklerdi”.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Magnitskiniň ölüminden soň Federal düzediş gullugynyň (FSIN) ýokary derejeli işgärleri wezipesinden boşadyldy. Siziň pikiriňizçe, munuň Orsýetde türmeleriň ýagdaýyny gowulandyrmaga peýdasy degermi?

Roman Popkow: FSIN bir aňsat ýoly saýlap tutdy. Munuň bilen 2-nji korpusdaky şertler üýtgär öýdemok. Bu problemany çözmek üçin adam hukuklary boýunça aktiwistler şu 2-nji korpusa baryp görmeli. Sebäbi baranlarynda olara gelýänlere görkezmek üçin ýörite taýýarlanylan koridorlar görkezilýär. Olar adam hukuklary boýunça aktiwistlere görkezilmeýän ýerlere barmaly.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Siz türmede saklanan şertleriňiz barada baş prokurorlyga formal arza berip bilýärsiňiz. Bu bir kanuny mümkinçilik. Bu işi etme niýetiňiz barmy?

Roman Popkow: Baş prokurorlyga arza ibermk akmaklyk. Aklawçym ikimiz Strasburgdaky Ýewropanyň Adam Hukuklary Suduna arza ibermek barada oýlanýarys. Meniň türmede saklanandygym hakda ýaňy bir sud prosesini gazandyk. Ors Federasiýasy maňa 5000 ewro tölemeli. Indi hem biz türme şertleri hakda ýene bir sud prosesi barada oýlanýarys.
XS
SM
MD
LG