Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

2009-njy ýyl Türkmenistanyň energiýa syýasatyna näme getirdi?


Körpejedäki ýangyç stansiýasy.
Körpejedäki ýangyç stansiýasy.

2009-njy ýylyň soňy Türkmenistanyň gaz söwdasyna degişli wakalara baý boldy. Türkmenistan Hytaýa tarap gaz geçirijisini işe girizdi, 2010-njy ýyl üçin Orsýet bilen gaz söwdasyny ylalaşdy we şu günler Eýrana tarap hem täze gaz geçirijisini açmaga taýýarlanýar.

Türkmenistanyň yglan eden köpugurly energiýa strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi ugrunda 2009-njy ýylyň üstünlikli bolanlygyny Türkmenistan boýunça regional ekspert, Ankarada ýerleşýän Strategik barlaglar institutynyň ýolbaşçysy Mehmet Seýfetdin belledi: “2009-njy ýylda Türkmenistanyň energiýa syýasty, meniň pikirimçe örän üstünlikli boldy. Aýratynam bu Orsýetiň türkmen gazyna degişli monopoliýasynyň we bu ugurdan edýän basyşlarynyň çäklendirilmegine degişli boldy”.

Mehmet Seýfetdiniň sözlerine görä, Türkmenistanyň energiýa syýasatynyň üstünlikleriniň çäginde, şeýle-de Hytaýa we Eýrana tarap turbalaryň gurulmagyny we Ýewropa Bileleşiginiň “Nabukko” proýektine öz garaýşyny yglan etmegini hem bellemek mümkin.

Täze gaz geçirijiler guruldy

Ýakyn günlerde işe girizilmegine garaşylýan täze turbanyň gurluşygy bilen Türkmenistanyň Eýrana satýan gazynyň umumy mukdaryny ýylda 20 milliard kubmetre ýetirmek göz öňünde tutulýar. Döwletabat-Salyrýap gaz geçirijisiniň tehniki synaglardan geçip, işe girizilmäge doly taýýardygy noýabrda habar berlipdi.

Türkmenistanyň we Eýranyň arasynda 1997-nji ýylda gurlan, geçirijilik ukyby ýylda 8 milliard kubmetrden ybarat “Körpeje-Gurtguýy” gaz geçirijisiniň daşyndan ýene goşmaça gaz geçirijini gurmak ylalaşygy şu ýylyň tomsunda baglaşylypdy.

Türkmenistanyň 14-nji dekabrda Hytaýa tarap açan gaz geçirijisi arkaly ýylda 40 milliard kubmetr gazy akdyrmak planlaşdyrylýar. Umumy uzynlygy 7 müň kilometrden ybarat bu gaz geçirijisi Amyderýanyň sag kenaryndaky gaz ýataklaryndan başlanýar we Özbegistanyň hem Gazagystanyň üstünden geçýär.

Aşgabat we Pekin arasynda 2006-njy ýylyň aprel aýynda baglaşylan ylalaşykda 30 ýylyň dowamynda ýylda 30 milliard kubometr gaz akdyrmak göz öňünde tutulypdy we yz ýany bu turba arkaly akdyryljak gazyň mukdary artdyrylyp, ýylda 40 milliard kubometre ýetirilipdi.

Resmi maglumatlara görä, Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi doly güýjünde 2012-nji ýylda işläp başlar. Indiki ýylyň dowamynda Hytaýa tarap akdyryljak gazyň mukdarynyň 4-10 milliard kubmetr aralygynda bolup biljegini bilermenler çak edýärler.

Şeýle ýagdaýda Türkmenistanyň ýakyn günlerde Orsýet bilen baglaşan ylalaşygynyň örän ähmiýetlidigini synçylar belleýärler. 22-nji dekabrda Aşgabatda bolan türkmen-ors gepleşikleri netijesinde gol çekilen ylalaşyga görä, 2010-njy ýylda “Gazprom” Türkmenistandan 30 milliard kubmetr gazy satyn alar. Gaz täze ýylyň ilkinji günlerinden akdyrylyp başlanmaly.

Türkmenistanyň Orsýet bilen gaz söwdasyny dikeltmegi we täze eksport marşrutlaryna eýe bolmagy bilen özüniň gaz söwdasynyň derejesini dikeltmegi başaranlygyny synçylar belleýärler.

Ýüze çykan şowsuzlyklar

Şol bir wagtda-da hut türkmen-ors gaz dawasynyň Türkmenistanyň ýylyň dowamynda energiýa ugrundan uçran esasy şowsuzlygy bolanlygyny Merkezi Aziýa boýunça bilermen Artýom Ulunýan aýtdy.

Ekspertiň pikirine görä, dünýädäki maliýe ykdysady krizisi sebäpli gaza bolan talaplaryň peselmegi hem Türkmenistanyň gazdan gelýän girdejileriniň azalmagyna getirdi. Emma ýurduň ykdysdyýetine agyr zarba bolan şeýle ýagdaýyň başga bir tarapdan Aşgabada täze bazarlary gözlemek işini tizleşdirmek taýdan itergi bolanlygyny Ulunýan belledi.

2009-njy ýylyň aprel aýynda “Orta Aziýa-Merkez” gaz geçirijisinde bolan partlama netijesinde Türkmenistandan Orsýete tarap gazyň akdyrylmagy bes edilipdi. Käbir çaklamalara görä, şol döwürden bäri Türkmenistan her aýda 1 milliard dollar çemesi zyýan çekdi.

“Nabukkonyň” geljegi

Häzirki wagtda gaz söwdasyny kadalaşdyran Aşgabadyň Günbatar döwletleri tarapyndan goldanylýan “Nabukko” proýektine ünsüni gowşatmagy ähtimal diýen pikirler-de orta atylýar. Türkmenistan “Nabukko” proýektine öz gyzyklanmasyny Orsýet bilen özara dawa güýçlenen döwründe beýan edipdi.

Artýom Ulunýanyň pikirine görä, Orsýetiň Türkmenistan bilen energiýa hyzmatdaşlygyny giňeltmak barada ylalaşyga gol çekmegine Moskwanyň syýasy maksatlarynyň esasy sebäp bolanlygyny Aşgabat ünsden düşürmeli däl.

“Gazpromyň” gaz syýasatynyň ykdysadyýetden öňürti syýasata baglydygyny ýatdan çykarmaly däl. Öz döwründe Kreml Orsýeti kuwwatly çig mal döwletine öwürmek maksadyny yglan edipdi. Moskwa Merkezi Aziýany elden gidermejek bolýar, ilkinji nobatda-da uly gaz baýlyklaryna eýe Türkmenistany” diýip, Artýom Ulunýan aýtdy.

Öz nobatynda Mehmet Seýfetdin Turkmenistanyň Orsýet bilen baglaşan soňky ylalaşygy özi üçin bähbitli boldy diýip hasap edýär we Moskwanyň täsirini çäklendirmekde belli bir derejede öňegidişlik bolanlygyny belleýär.

Mehmet Seýfetdin Türkmenistanyň öz energiýa howpsuzlygyny üpjün etmegi üçin onuň “Nabukko” proýektine ünsüni güýçlendirmeginiň ähmiýetini hem belleýär: “Nabukko şans berýär we Türkmenistanyň gaz garaşsyzlygy üçin alternatiw ýol bolup durýar. Şeýlelikde Türkmenistan “Nabukko” proýektini goldamaly we proýektiň durmuşa geçirilmegi üçin zerur meseleleri çözmäge çalyşmaly diýip, pikir edýärin, bu Hazar deňziniň statusyna hem degişli”.
XS
SM
MD
LG