Sepleriň elýeterliligi

Eýran ýurduň hökümetiniň ozalky metbugat sekretaryny azatlykdan mahrum etdi


Penşenbe güni Eýranyň Rewolýusion sudy ýurduň hökümetiniň ozalky metbugat sekretary Abdulla Ramazanzädäni alty ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Sud jenap Ramazanzädäni Eýranyň milli howpsuzlygyna howp abandyrmakda hem-de ýurduň yslam sistemasyna garşy wagyz alyp baranlykda günäli diýip tapdy.

Eýranyň Fars habar agentligi suduň çykaran höküminde Abdulla Ramazanzädäniň ýurduň oppozisiýa liderlerinden biri Mir Husseýin Musawini goldaýandygynyň hem agzalyp geçilendigini habar berýär.
XS
SM
MD
LG