Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Katolik hristianlar Günbatar kenardaky Betlehem şäherçesine ýygnandylar


Penşenbe güni katolik hristianlaryň müňlerçesi Isa pygamberiň doglan gününi bellemek üçin onuň dünýä inen ýeri hasaplanylýan Palestina degişli Günbatar kenardaky Betlehem şäherçesine ýygnandylar.

Ysraýylyň hökümeti Palestinanyň Gaza Sektoryndaky hristianlaryň hem Günbatar Kenardaky Betlehem şäherçesine geçip bilmekleri üçin 24 sagatlyk rugsat girizdi.

Isa Mesihiň doglan gününi dünýäniň katolik hristianlary şu gije belleýän bolsalar, prawoslaw hristianlar ony ýanwaryň başynda bellärler.

Palestinanyň turizm ministri Hulud Duaýbess şu 2009-njy ýylyň dowamynda Günbatar Kenardaky Betlehem şäherçesine 1 million 600 müň töweregi turistiň sapar edendigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG