Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Medwedew telewideniýe arkaly ýörite çykyş etdi


Penşenbe güni Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew ýylyň jemlerine bagyşlap, telewideniýe arkaly ýörite çykyş etdi.

Söhbetdeşlik görnüşinde geçirilen bu çykyşynda prezident Medwedew Orsýetiň daşarky we içerki syýasatyna degişli käbir möhüm meseleler we olaryň çözgütleri barada durup geçdi.

Ýadro ýaraglarynyň sanyny azaltmak meselesinde ol Orsýet bilen Birleşen Ştatlaryň pozisiýalarynda henizem belli bir tapawutlaryň bardygyny bellemek bilen, barybir bu meseläniň onyň ylalaşyklar bilen tamamlanjakdygyna ynanýandygyny aýtdy.

Telewideniýede eden bu çykyşynda Orsýetiň prezidenti ýene-de nobatdaky gezek ýurtdaky alkogolizm bilen baglanyşykly problemalar barada durup geçdi we ilaty bu problema garşy göreşmeklige çagyrdy.
XS
SM
MD
LG