Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda 1 müň 300 kilogram töweregi neşe maddasy ýakyldy


Penşenbe güni Türkmenistanyň häkimiýetleri neşä garşy göreş boýunça soňky geçirilen operasiýalaryň barşynda ele salnan 1 müň 300 kilogram töweregi neşe maddasyny ýakdylar.

Ilat köpçüligine açyk ýagdaýda neşe maddalarynyň ýakylmagy bilen bagly şeýle çäre Türkmenistanda şu ýyl indi ikilenji gezek geçirilýär.

Şu ýylyň başlarynda-da Türkmenistanyň häkimiýetleri 1 müň 200 kilogram töweregi neşe maddasyny oda beripdiler.

Neşe önümçiligi boýunça dünýäde birinji orunda durýan Owganystan bilen serhetdeş Türkmenistanda neşe söwdasy we neşekeşlik bilen baglanyşykly problemalar ýiti sosial problemalardan biri bolmagynda galýar.
XS
SM
MD
LG